Arhiw

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna: Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy uruş ýyllarynyň filmleriniň görkezilişine çagyrýar

0
8836
Salgysy:
ул. Махтумкули, 3D кинотеатр Ашгабад
Telefon belgiňiz:
(+993 12) 93-67-25,93-79-23
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2015-nji ýylyň 10—17-nji maýy aralygynda SSSR-iň respublikalarynyň on bäş kinostudiýasynda surata düşürilen uruş ýyllarynyň filmleriniň görkezilişine çagyrýar.Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanan «Hemmeler üçin bir ýeňiş» atly kinogörkeziliş «Aşgabat» kinokonsert merkezinde geçiriler, giriş erkin usulda amala aşyrylar.

  1. «Ölüm ýokdur, oglanlar!» — «Türkmenfilm», 1970-nji ýyl, režissýory Bulat Mansurow.
  2. «Bu ýeriniň säherleri asuda» — M. Gorkiý adyndaky kinostudiýa, 1972-nji ýyl, režissýory Stanislaw Rostoskiý.
  3. «Marianna» — «Moldowa — film», 1967-nji ýyl, režissýory Wasiliý Paskaru.
  4. «Manşuk hakynda aýdym» — «Gazakfilm», 1969-njy ýyl, režissýory Mažit Begalin.
  5. «Lipanyň astyndaky şäher» — Riga kinostudiýasy, 1971-nji ýyl, režissýory Aloiz Brenç.
  6. «Alysdan gelen zenan» — «Täjikfilm», 1978-nji ýyl, režissýory Tahyr Sabirow.
  7. «Delil» — Litwa kinostudiýasy, 1980-nji ýyl, režissýory Almantas Grikýawiçus.
  8. «Rekwiýem» — «Tallinfilm», 1984-nji ýyl, režissýory Olaw Neuland.
  9. «Leningradlylar — meniň perzentlerim» — «Özbekfilm», 1980-nji ýyl, režissýory Damir Salimow.
  10. «Esgeriň kakasy» — «Gruziýa-film», 1964-nji ýyl, režissýory Rezo Çheidze.
  11. «Alys kenarlarda» — «Azerbaýjanfilm», 1958-nji ýyl, režissýory Tofik Tagizade.
  12. «Gar astyndaky güller we edelweýsler» — 1981-nji ýyl, «Ermenifilm», režissýory Lewan Grigorýan, Gor Saakýan.
  13. «Irki durnalar» — «Gyrgyzfilm», 1979-njy ýyl, režissýory Bolotbek (Bolot) Şamşiýew.
  14. «Söweşe diňe ýaşy gartaşanlar gidýär» — A. P. Dowzenko adyndaky kinostudiýa, 1973-nji ýyl, režissýory Leonid Bykow.
  15. «Brest galasy» — «Belarusfilm» kinostudiýasy, 2010-njy ýyl, režissýory Aleksandr Kott.

 

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler