Soňky habarlar
Arhiw
Zenanlar baýramy mynasybetli Rasul Gylyjowyň konserti
Baharda bellenilýän iň ýalkymly zenanlar baýramy mynasybetli Rasul Gylyjowyň ýaşlar orkestri adamzadyň ajaýyp bölegine çyn ýürekden öz sazly “Söýgüde ykrar etmesini” sowgat berýär.
Wakanyň adaty däldigini nazarda tutup, orkestr paýtagtyň saýlama sazandalarynyň ýerine ýetirmegindäki owadan baýramçylyk şüweleňiniň meýilnamasyny düzmegi ilkinji gezek eziz zenanlarymyzyň hut özlerine goýýar, çünki aýal-gyzlaryň isläni — Taňrynyň halany!
Eýýäm ilkinji haýyşnamalar gelip gowşup başlady. Olarda zenan häsiýetiniň köpgyraňly taraplary: söýgi we gabanjaňlyk, ýigrenç we hyjuw — Fausto Papettunyň meşhur “Kiçijik güljagazynyň” (altyn saksofon Suren Kýaruns), Imre Kalmanyň operettasyndan Silwa we Edwin ýürekdeş duetiniň (hrustal soprano Liliýa Çurçaganyň we zenanlaryň eý görýän romantik tenary Nury Nuryýewiň), “Promenad” haýran galdyryjy duetiň ýerine ýetirmegindäki Astor Pýassollynyň “Hyjuw tangosynyň”, Jeýms Lastyň “Ýalňyz çopanynyň” (ussat Rüstem Rahmedow — fortepiano), ýap-ýaňy bolup geçen, örän köp tomaşaçy ýygnan “Orkestrleriň parady” atly iki konsertden fransuz “Kankanynyň”, baky “Bubliçkiniň”, ähli döwürler üçin saýlama aýdymlar bolan “Kalinkanyň” hem “Syganoçkasynyň” üsti bilen aýan edilýär. Göçgünli güýç we çäksiz duýgular.
Duşuňyzdan geçirmäň!
Öz sazly haýyşnamaňyzy hödürlemäge howlugyň!
Konsertler 9-njy martda “Türkmenistan” konsert zalynda (duşenbe, baýramçylygyň ýekşenbä düşendigi sebäpli iş güni däl) sagat 17:00-da we 19:00-da geçiriler.
Orkestriň metbugat attaşesi — Walentina Şustowa.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň