Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň gutardyş synplarynda himiýa dersi boýunça synagyň soragnamalary - 2021ý.

0
35143
Soňky täzelenme:

«Mugallymlar gazeti» gazetinde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň tebigy bilimler ugurly gutardyş synplarynda himiýa dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary çap edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan şol sanawy «Turkmenportal» hem okyjylary bilen paýlaşýar:

 

1-nji soragnama

  1. Maddalar. Arassa maddalar  we garyndylar. Himiýanyň adamzat durmuşynda , oba hojalygynda we senagatdaky  orny.
  2. Fenol. Fenolyň molekulasynyň gurluşy, alnyşy we häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

2-nji soragnama

  1. Kislotalar we olaryň toparlara bölünişi. Kislotalaryň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
  2. Çylşyrymly efirler, olaryň molekulalarynyň gurluşy, atlandyrylyşy. Çylşyrymly efirleriň fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

3-nji soragnama

  1. Duzlaryň gidrolizi.
  2. Alkanlar, olaryň molekulalarynyň  gurluşy, atlandyrylyşy. Alkanlaryň alnyş usullary,  fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

4-nji soragnama

  1. D.I. Mendeleýew tarapyndan açylan himiki elementleriň  periodik kanuny we periodik sistemasy.
  2. Organiki däl we organiki himiýada kataliz. Öwrülişikli we öwrülişiksiz himiki  reaksiýalar.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

5-nji soragnama

  1. Elektroliz.  Elektroliz barada düşünje. Anodda we katodda bolup geçýän himiki  öwrülmeler.
  2. Alkenler, olaryň molekulalarynyň  gurluşy we atlandyrylyşy. Alkanlaryň alnyşy,  fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

6-njy soragnama

  1. Oksidler we olaryň toparlara bölünişi. Oksidleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
  2. Alkinler, olaryň molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Alkinleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

7-nji soragnama

  1. Dissosiasiýa derejesi. Güýçli we gowşak elektrolitler.
  2. Krahmal, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy,fiziki we himiki häsiýetleri, ulanylyşy.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

8-nji soragnama

  1. Suwuň talhlygy we ony aýyrmagyň usullary. Arçabil agyz suw kärhanasy.
  2. Halkaly parafinler, molekulalarynyň gurluşy, atlandyrylyşy. Halkaly parafinleruň  alnyşy,  fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

9-njy soragnama

  1. Silikat senagaty. Aýna önümçiligi. Keramika önümçiligi. Sementiň öndürilişi. Keletedäki sement  kärhanasy.
  2. Aminler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aminleriň fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

10-njy soragnama

  1. Himiki analiz we onuň wezipeleri. Hil we mukdar analizi.
  2. Aldegidler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aldegidleriň alnyşy,  fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

11-nji soragnama

  1. Himiki reaksiýalaryň görnüşleri. Termohimiki we okislenme-gaýtarylma reaksiýalary.
  2. Ýokary molekulýar birleşmeleriň  himiýasy barada umumy  düşünjeler. Polimerler.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

12-nji soragnama

  1. Kompleks birleşmeleriň umumy häsiýetnamasy.
  2. Beloklar, olaryň düzümi, molekulalarynyň gurluşy. Fiziki we himiki  häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

13-nji soragnama

  1. Gomogen we geterogen sistemalarda reaksiýalaryň   tizligi. Reaksiýalaryň  tizliklerine täsir edýän şertler.
  2. Alkadienler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Alkadienleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

14-nji soragnama

  1. Metal dälleriň umumy häsiýetnamasy. Metal dälleriň okislendiriji-gaýtaryjy häsiýetleri.
  2. Uglewodlar, olaryň toparlara bölünişi. Glýukoza. Molekulasynyň gurluşy, himiki häsiýetleri .
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

15-nji soragnama

  1. Walentlilik. Elementleriň atomlarynyň walent mümkinçilikleri.
  2. Aldegidler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aldegidleriň alnyşy,  fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

16-njy soragnama

  1. Kristal gözenekler we olaryň görnüşleri.
  2. Nebit, onuň düzümi we häsiýetleri.  Nebitiň  gaýtadan işlenilişi. Garaşsyzlyk  ýyllary içinde    Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi.Türkmenbaşy we Seýdi şäherleriniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

17-nji soragnama

  1. Ýadro reaksiýalary barada umumy  düşünjeler. α, β we  γ – şöhlelenmeler.
  2. Karbon kislotalary we olaryň toparlary. Bir esasly doýgun karbon kislotalarynyň häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

18-nji soragnama

  1. Himiki deňagramlylyk. Himiki deňagramlylygyň süýşmegine täsir edýän şertler.        Le-Şatelýeniň düzgüni.
  2. Ýaglar, molekulalarynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Tebigatda ýaglaryň ähmiýeti.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

19-njy soragnama

  1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Kowalent baglanyşygy.
  2. Aromatik  uglewodorodlar. Benzol, molekulasynyň gurluşy, alnyşy we häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

20-nji soragnama

  1. Atomyň gurluşy. Atomda elektronlaryň hereketi. Elektron  bulutlar. Kwant sanlary barada düşünje.
  2. Bir atomly doýgun spirtler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

21-nji soragnama

  1. Suwuň elektrolitiki dissosasiýasy. Wodorod görkezijisi (pH). Indikatorlar.
  2. Köp atomly spirtler, molekulalarynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

22-nji soragnama

  1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Ion, wodorod we kowalent baglanyşyklary.
  2. Sellýuloza, molekulasynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Türkmenistanda kagyzyň öndürilişi. Kagyz we sellýuloza öndürýän kärhana.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

23-nji soragnama

  1. Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Dökünleriň toparlary. Dökünleri  ulanmagyň  kadalary.
  2. Sintetiki kauçuklar, olaryň alnyş usullary.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

24-nji soragnama

  1. Metal dälleriň oksidleri. Himiki häsiýetleri. Kislorodly kislotalar.
  2. Geterohalkaly birleşmeleriň umumy  häsiýetnamasy.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

25-nji soragnama

  1. Erginler. Ereýjilik. Kolloid erginler. Dispers sistemalar.
  2. Tebigy   gaz, düzümi, häsiýetleri. Türkmenistanda gaz senagatynyň ösüşi.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

26-njy soragnama

  1. Metallaryň oksidleri we gidroksidleri, olaryň häsiýetleri.
  2. Sintetiki süýümler.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

27-nji soragnama

  1. Elektrolitik  dissosiasiýa. Elektrolitler we elektrolit däller. Elektrolitik dissosiasiýa derejesi.
  2. Tebigy kauçuk, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

28-nji soragnama

  1. Uly  we kiçi periodlaryň elementleriniň  atomlarynyň elektron gabyklarynyň gurluşy.
  2. Daş kömrüň kokslanmagy we onuň önümleri.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

29-njy soragnama

  1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşişi, atomlarynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy we alnyşynyň umumy usullary.
  2. Saharoza, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. “Maryşeker”kärhanasy.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

 

30-njy soragnama

  1. Garaşsyzlyk  ýyllary içinde Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi. Himiýanyň durmuşda, senagatda we oba hojalygynda orny we ähmiýeti.
  2. Ion çalyşma reaksiýalary.
  3. Hasaplama ýa-da  tejribeli  mesele.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler