Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde informatika boýunça gutardyş synagynyň soragnamalary - 2021ý.

0
29464
Soňky täzelenme:

«Mugallymlar gazeti» gazetinde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda informatika dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary çap edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan şol soragnamalary «Turkmenportal» hem okyjylary bilen paýlaşýar:

 

1-nji soragnama

  1. Hasaplaýyş sistemalary barada düşünje.
  2. Forumlar, çatlar, bloglar, internet peýjerler.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisa bilen işlemek.

 

2-nji soragnama

  1. Internet torunda apparat we programma üpjünçiligi.
  2. Meseläniň formal däl we formal goýluşy.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada diagrammalary döretmek.

 

3-nji soragnama

  1. Informasiýanyň mukdary.
  2. Elektron kommunikasiýalaryň dürli görnüşliligi.
  3. Amaly ýumuş: HTML dokumentinde sanawlary döretmek.

 

4-nji soragnama

  1. Flash grafiki redaktorynda reňk bilen işlemek.
  2. Matematiki modelleri derňemek.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada standart funksiýalary ulanmak.

 

5-nji soragnama

  1. Kodlama. Kompýuterde informasiýanyň dürli görnüşleriniň aňladylyşy.
  2. Internet torunda arabaglanyşyk.
  3. Amaly ýumuş: Flash grafiki redaktorynda fon reňkini we şekilini bermek.

 

6-njy soragnama

  1. Flash grafiki redaktorynda kadrlar we wagt şkalasy.
  2. Informasion modeller barada düşünje.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada berlenleri tertipleşdirmek.

 

7-nji soragnama

  1. Bir ölçegli massiwleriň elementleriniň girizilişi we çykarylyşy.
  2. Modelleşdirme. Modelleşdirme tapgyrlary.
  3. Amaly ýumuş: Tema boýunça saýt parçalaryny işläp taýýarlamak.

 

8-nji soragnama

  1. Flash grafiki redaktorynda obýektleri döretmek we redaktirlemek.
  2. Web­sahypalary döretmekde ofis programmalaryny ulanmak.
  3. Amaly ýumuş: Ýönekeý HTML sahypajygyny taýýarlamak.

 

9-njy soragnama

  1. Sanlary bir hasaplaýyş sistemasyndan beýlekisine geçirmek. Ikilik arifmetika.
  2. Arhiwleýji programmalar.
  3. Amaly ýumuş: HTML dokumentinde tekst bilen işlemek.

 

10-njy soragnama

  1. Elektron tablisada öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.
  2. Web­sahypalary bezemegiň elementleri. HTML dokumentlerde ses.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada san aňlatmasynyň bahasyny hasaplamak.

 

11-nji soragnama

  1. Logiki funksiýalar.
  2. Programmalaşdyrma dilinde faýl düşünjesi. Fiziki we logiki faýllar.
  3. Amaly ýumuş: Flash grafiki redaktorynda tekst bilen işlemek.

 

12-nji soragnama

  1. Simwol ululyklar.
  2. Informasiýalary goramak. Informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösüşi.
  3. Amaly ýumuş: Iki ölçegli massiwleriň elementlerini girizmek we çykarmak.

 

13-nji soragnama

  1. Onluk we ikilik hasaplaýyş sistemalary.
  2. HTML dokumentlerde sanawlar.
  3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada taýýar dokumenti çap etmek.

 

14-nji soragnama

  1. Pikir ýöretmäniň görnüşleri.
  2. Milli informasiýa gorlary bilen tanyşmak.
  3. Amaly ýumuş: HTML dokumentinde tablisalar bilen işlemek.

 

15-nji soragnama

  1. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.
  2. Informasiýa sistemalary we tehnologiýalary barada düşünje we olaryň bilimde ulanylyşy.
  3. Amaly ýumuş: Fiziki modelleri derňemeklige degişli meseleleri çözmek.

 

16-njy soragnama

  1. Elektron tablisa barada düşünje. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.
  2. MS Access MBDS­niň interfeýsiniň esasy elementleri.
  3. Amaly ýumuş: Iki ölçegli massiwlere degişli meseleleri çözmek.

 

17-nji soragnama

  1. HTML dokumentiniň gipertekst belgilemeleriniň esaslary.
  2. Informasion modelleriň görnüşleri.
  3. Amaly ýumuş: Simwol ululyklaryň üstünde geçirilýän amallardan peýdalanmak.

 

18-nji soragnama

  1. Bir ölçegli massiwleriň elementleri bilen işlemegiň usullary.
  2. Sifr gurluşlary.
  3. Amaly ýumuş: Maglumatlar bazasynda forma we hasabat döretmek.

 

19-njy soragnama

  1. Massiwler. Massiwleriň beýan edilişi.
  2. Informasion modelleri ulanmak bilen informasiýalary düzümleşdirmek.
  3. Amaly ýumuş: HTML dokumentde internet üçin şekilleri taýýarlamak.

 

20-nji soragnama

  1. Animasiýanyň görnüşleri. Animasiýalary döretmegiň gurallary.
  2. Kompýuterde modelleri taýýarlamagyň we derňemegiň esasy tapgyrlary.
  3. Amaly ýumuş: Otnositel we absolýut salgylanmalary ulanmak.

 

21-nji soragnama

  1. WWW gullugy.
  2. Formallaşdyrmagyň esasy kadalary.
  3. Amaly ýumuş: Faýldan okamak ýa­da ýazmak. Faýly ýapmak.

 

22-nji soragnama

  1. Flash grafiki redaktorynda obýektleri döretmek we redaktirlemek.
  2. Web­sahypalary döretmekde ofis programmalaryny ulanmak.
  3. Amaly ýumuş: Massiwde berlen häsiýetli elementi gözlemek we tertipleşdirmek.

 

23-nji soragnama

  1. Web serwer we salgylar sistemasy barada düşünje.
  2. Fiziki modelleri derňemek.
  3. Amaly ýumuş: Setir ululyklaryň üstünde geçirilýän amallardan peýdalanmak.

 

24-nji soragnama

  1. Internetiň bilim gorlary.
  2. Maglumatlar bazasy barada düşünje. Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy.
  3. Amaly ýumuş: Paskal programmalaşdyrma dilinde faýllar bilen işlemek.

 

25-nji soragnama

  1. Häzirki zaman Internet­tehnologiýa larynyň ösüş ugurlary.
  2. HTML dokumentiň gurluşy.
  3. Amaly ýumuş: Arhiw faýllary döretmek.

 

26-njy soragnama

  1. Elektron tablisada berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.
  2. Tegler we gipersalgylanmalar.
  3. Amaly ýumuş: Tablisa hasaplamalarynda matematiki funksiýalar.

 

27-nji soragnama

  1. Kompýuteriň gurluşynyň logiki esaslary.
  2. Informasiýa jemgyýeti. Informasion medeniýetlilik.
  3. Amaly ýumuş: Bir ölçegli massiwlere degişli meseleleri çözmek.

 

28-nji soragnama

  1. Sekizlik we on altylyk hasaplaýyş sistemalary.
  2. HTML dokumentlerde tablisalar.
  3. Amaly ýumuş: Iki ölçegli massiwleriň elementleri bilen işlemek.

 

29-njy soragnama

  1. Programmalaryň we maglumatlaryň hukuk goragy.
  2. Görüş arkaly Web­konstruirlemegiň redaktory. Interfeýsiň elementleri.
  3. Amaly ýumuş: Sifr gurluşlary kompýuter bilen bilelikde ulanmak.

 

30-njy soragnama

  1. Biologiki we ykdysady modelirlemeler.
  2. Setir ululyklar.
  3. Amaly ýumuş: Faýllary arhiwden çykarmak.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler