Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Kanuny Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda

0
56195
Soňky täzelenme:

Şu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) adresat — gönüden-göni adyna elektron resminama ugradylan fiziki ýa-da ýuridik şahs (ýa-da resminamany alyjy);

2) köpugurly «Bir penjire» ulgamy — sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenmegi;

3) elektron habar — maglumat-telekommunikasiýa torundan peýdalanyjy tarapyndan geçirilen ýa-da alnan maglumat;

4) elektron maglumat — maglumat tehnologiýalarynda döredilen we sanly görnüşde berlen maglumat;

5) elektron maglumat göteriji (mundan beýläk — elektron göteriji) — maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen maglumaty ýazdyrmak we saklamak üçin niýetlenen maddy göteriji;

6) elektron maglumat ulgamy — elektron maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek üçin ulanylýan enjamlaryň, programma, programma-enjamlaýyn serişdeleriň, usullaryň we iş amallarynyň jemi;

7) elektron resminama — şu Kanunyň maksatlary üçin maglumat tehnologiýalary esasynda elektron görnüşde taýýarlanylan, özündäki habar elektron maglumat görnüşinde bellenen, elektron maglumat göterijide elektron sanly şekilde berlen, mazmunly we elektron sanly gol arkaly hakykylygy tassyklanylan resminama;

8) elektron resminama dolanyşygy — maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek boýunça awtomatlaşdyrylan iş amallarynyň jemi;

9) elektron resminama dolanyşygynda dellal (mundan beýläk — dellal) — elektron resminama dolanyşygynyň gaýry subýektleriniň tabşyrygy boýunça elektron resminamalary we (ýa-da) maglumat habarlaryny iberýän, alýan ýa-da saklaýan, telekommunikasiýa aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanyp, elektron resminama degişli beýleki hyzmatlary edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

10) elektron resminamany düzüji — elektron tehniki serişdelerden peýdalanyp, elektron resminamany düzen ýa-da elektron resminama onuň adyndan düzülen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

11) elektron resminamanyň asyl nusgasy — resminamany tassyklamaga ygtyýarlandyrylan şahsyň elektron sanly goly bilen tassyklanylan, ilkibaşda elektron resminama görnüşinde döredilen we kagyz göterijide deslapky asyl nusgasy bolmadyk resminama;

12) elektron resminamany iberiji — elektron resminamanyň rekwizitlerinde görkezilen we elektron resminamany adresata iberýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

13) elektron resminamanyň bitewüligi — elektron resminamanyň oňa üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmändigini kesgitleýän häsiýeti;

14) velektron resminamanyň hakykylygy — elektron resminamanyň oňa hakyky elektron sanly gol (elektron sanly gollar) bilen gol çekilendigini kesgitleýän häsiýeti;

15) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy — elektron sanly gol bilen tassyklanan elektron resminamanyň maglumatyny we rekwizitlerini doly görkezýän hem-de şol resminamany tassyklamaga ygtyýarlyklara eýelik edýän şahs tarapyndan tassyklanylan kagyz göterijidäki resminama;

16) elektron sanly gol — elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanyp, deslapky maglumatlary belli bir kriptografik özgertmegiň netijesinde alnan we elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanylanda, şol maglumatlaryň degişliligini, hakykylygyny hem-de bitewüligini tassyklamaga mümkinçilik berýän, elektron resminamanyň rekwiziti bolup durýan elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi;

17) elektron sanly goluň şahsy açary — elektron sanly goluň serişdelerinden peýdalanylyp, elektron sanly goly döretmek üçin niýetlenen elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi bolup durýan, elektron sanly goly döretmegiň kriptografik algoritminiň diňe gol çekýän şahsa mälim we elýeterli ölçegleri;

18) elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi — kanuny esasda elektron sanly goluň açaryna eýelik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

19) elektron sanly goluň açyk açary — elektron sanly goly döretmegiň kriptografik algoritminiň elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi bolup durýan, elektron sanly goluň belli bir şahsy açaryna laýyk gelýän, ähli gyzyklanýan şahslar üçin elýeterli we elektron resminamadaky elektron sanly goluň hakykylygyny tassyklamak üçin niýetlenen ölçegleri;

20) elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanyjy — elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

21) elektron sanly goluň açyk açary üçin bellige alyş şahadatnamasy (sertifikaty) (mundan beýläk — sertifikat) — elektron sanly goluň hakykylygyny barlamak we elektron sanly goluň eýesini barabarlamak üçin şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan berilýän kagyz göterijidäki resminama ýa-da elektron resminama;

22) elektron sanly goluň hakykylygyny barlamak — elektron sanly gol çekilen elektron habary we gol çeken şahsyň açyk açaryny alan şahsa bu habara gol çeken şahsyň elektron sanly golunyň açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanylyp gol çekilendigini ýa-da çekilmändigini we elektron sanly gol döredilenden soň deslapky maglumatlaryň üýtgedilendigini ýa-da üýtgedilmändigini anyklamaga mümkinçilik berýän hereketleriň yzygiderliligi;

23) elektron sanly goluň serişdeleri — Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamynyň kadalary boýunça berlen laýyklyk sertifikaty ýa-da sertifikaty ykrar etmek hakyndaky şahadatnamasy bolan, olaryň kömegi bilen bir ýa-da birnäçe wezipeler (elektron sanly goly döretmek, elektron sanly goly barlamak, elektron sanly goluň şahsy açaryny ýa-da açyk açaryny döretmek) amala aşyrylýan kriptografik serişdeler;

24) elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi — elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikat öz adyna berlen şahsyň elektron sanly golunyň şahsy açaryna laýyklygyny tassyklamaga, sertifikatlary we yzyna alnan sertifikatlaryň sanawlaryny neşir etmäge, ýaýratmaga, saklamaga bolan hukuk ygtyýarlyklara eýelik edýän, şeýle hem sertifikatyň ygtybarlylygyny tassyklaýan ýuridik şahs;

25) gol çekýän şahs — elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny eýelik edýän we öz adyndan ýa-da özüniň wekilçilik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahsynyň adyndan elektron resminamalara elektron sanly goly goýmak üçin ony ulanmaga hukugy bar şahs;

26) kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy — kagyz göterijidäki degişli resminamanyň maglumatyny we rekwizitlerini doly görkezýän we şol resminamany tassyklamaga ygtyýarlylyklara eýelik edýän şahsyň elektron sanly goly bilen tassyklanan elektron resminama;

27) korporatiw maglumat ulgamy — maglumat ulgamynyň gatnaşyjylary kesgitli şahslardan ybarat bolan maglumat ulgamy;

28) sanly hyzmatlar — elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmatlar;

29) sertifikatyň eýesi — sertifikatda görkezilen elektron sanly goluň açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny eýelik edýän, adyna sertifikat berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

30) şahsy durmuş barada maglumat (mundan beýläk — şahsy maglumatlar) — elektron, kagyz ýa-da gaýry maddy göterijide berkidilen, bu maglumatlaryň esasynda kesgitlenen ýa-da kesgitlenýän fiziki şahsa degişli bolan islendik maglumatlar;

31) wagt möhüri — elektron sanly gol çekilen elektron maglumatlara ygtyýarly şahs tarapyndan (şol sanda elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan) amala aşyrylýan we onuň elektron sanly goly bilen tassyklanylýan üýtgetmeler girizilende, senäniň we wagtyň bu belgini girizýän şahsyň elektron sanly goly bilen bagly belgilenmesi.

2-nji madda. Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

1. Şu Kanunyň hereketi elektron resminamalar döredilende, işlenip taýýarlanylanda, iberilende, berlende, alnanda, saklanylanda, peýdalanylanda, goralanda, täzelenende, gözlenende, ýygnalanda, ýaýradylanda, gabalanda we ýok edilende hem-de sanly hyzmatlar bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

2. Şu Kanun döwlete dahylly we dahylsyz maglumat ulgamlarynda elektron resminama dolanyşygyny hem-de amala aşyrylýan sanly hyzmatlary düzgünleşdirýär.

3. Şu Kanunyň hereketi döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, gaýry ýuridik we fiziki şahslara degişlidir.

4. Şu Kanunyň hereketi aşakdakylara degişli däldir:

1) döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalara;

2) Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi kagyzlarynda ýerine ýetirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryna, kararlaryna we buýruklaryna ýa-da olaryň nusgalaryna;

3) öz eli bilen çekilen gollaryň beýleki şuňa meňzeş görnüşlerinden, şol sanda öz eli bilen çekilen goluň elektron görnüşe geçirilen şekilinden peýdalanylanda, elektron sanly goly ulanmagyň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara;

4) olaryň bitewüligini we hakykylygyny tassyklamak elektron sanly goly ulanmazdan amala aşyrylýan elektron görnüşdäki resminamalaryň dolanyşygy çygryndaky gatnaşyklara;

5) elektron resminamalary ulanmak we sanly hyzmatlardan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki çäklendirmelere.

II BAP. ELEKTRON RESMINAMA

4-nji madda. Elektron resminama bildirilýän esasy talaplar

1. Elektron resminama:

1) şu Kanun we bu ugurdaky kanunçylyk namalary esasynda düzülen elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyklar bilen bellenilen talaplara laýyk gelmelidir;

2) şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan gurluşda bolmalydyr we ony anyklamaga mümkinçilik berýän rekwizitli bolmalydyr;

3) elektron resminamanyň düzüjisini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmelidir we peýdalanylmalydyr;

4) adamyň kabul etmegi üçin düşnükli görnüşde berilmelidir (şekillendirilmelidir);

5) ondan birnäçe gezek peýdalanmak üçin elýeterli bolmalydyr;

6) bitewüligi üpjün edilen bolmalydyr (elektron resminamanyň ýeke-täkligi, hakykylygy);

7) saklanyş möhletiniň dowamynda goragly bolmalydyr.

2. Elektron resminama hakyky diýlip hasap edilýär, eger:

1) resminama, hakykatdan-da, onuň awtory diýlip hasap edilýän şahs tarapyndan döredilse;

2) elektron resminama görnüşinde taýýarlanylan pursadyndan bäri resminama üýtgetmeler girizilmedik bolsa, resminamany görkezmegiň, saklamagyň we ondan peýdalanmagyň barşynda bolup geçýän üýtgetmeler muňa degişli däldir.

3. Elektron resminamanyň bitewüligini anyklamak gol çekýän şahsyň elektron sanly goluny barlamak arkaly amala aşyrylýar.

5-nji madda. Elektron resminamany bermegiň görnüşleri

1. Elektron resminamany bermegiň içerki we daşarky görnüşleri bardyr.

2. Elektron resminamany düzýän maglumatyň elektron göterijidäki ýazgysy elektron resminamany bermegiň içerki görnüşi bolup durýar.

3. Elektron resminamanyň daşarky görnüşde berilmegi onuň adamyň kabul etmegi üçin düşnükli we elýeterli bolan görnüşde maglumatlary görkezýän elektron serişdede, kagyz ýa-da beýleki maddy göterijide şekillendirilmegi bolup durýar.

6-njy madda. Elektron resminamanyň gurluşy

1. Elektron resminama aýrylmaz iki bölekden — umumy we aýratyn böleklerden ybaratdyr.

2. Elektron resminamanyň umumy bölegi resminamanyň mazmunyny düzýän maglumatdan ybaratdyr. Adresat hakyndaky maglumat umumy bölege degişlidir.

3. Elektron resminamanyň aýratyn bölegi bir ýa-da birnäçe elektron sanly gollardan ybaratdyr.

7-nji madda. Elektron resminamanyň rekwizitleri

1. Elektron resminamada aşakdaky rekwizitler ulanylyp bilner:

1) resminamanyň ady;

2) resminamanyň döredilen senesi;

3) resminamanyň bellige alnan senesi;

4) elektron sanly gol;

5) sözbaşy;

6) esasy resminamanyň we oňa goşundylaryň sahypalarynyň sany;

7) adresatyň ady;

8) adresatyň wezipesiniň ady (bolan mahalynda);

9) elektron resminamany iberijiniň — ýuridik şahsyň ady ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady;

10) elektron resminamany iberijiniň poçta we elektron salgysy.

2. Zerur bolan halatynda, elektron resminama elektron sanly goly barlamak we elektron resminamanyň hakykylygyny anyklamak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen bellenilýän goşmaça maglumatlary özünde saklap biler.

3. Elektron sanly gol elektron resminamanyň elektron resminama dolanyşygynyň beýleki subýektleri tarapyndan elektron resminamany iberijini anyklamak üçin ulanylýan hökmany rekwiziti bolup durýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen elektron resminamada elektron sanly gollaryň anyk görnüşlerini ulanmak boýunça talaplar bellenilip bilner.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň ylalaşygy bilen elektron resminamanyň beýleki rekwizitleri hem bellenilip bilner.

8-nji madda. Elektron resminamanyň asyl nusgasy

1. Elektron resminamanyň asyl nusgasy diňe elektron görnüşde (elektron göterijide) bolýar. Elektron resminamanyň asyl nusgasy diýlip, hökmany rekwiziti — elektron sanly goly bolan we şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen beýleki rekwizitleri bolan resminamanyň elektron nusgasy hasap edilýär.

Elektron resminamalaryň elektron sanly gol çekilen, elektron göterijide bellenen we biri beýlekisine deň hasap edilen ähli nusgalary asyl nusga bolup durýarlar we birmeňzeş hukuk güýjüne eýedirler.

2. Elektron resminama birnäçe adresatlara iberilende ýa-da ol elektron göterijileriň birnäçesinde saklanylanda, elektron nusgalaryň her biri elektron resminamanyň asyl nusgasy hasap edilýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen elektron resminamanyň asyl nusgasy hökmünde berlip bilinmejek halatlary hem bellenilip bilner.

4. Elektron resminamanyň daşarky görnüşinde berlişiniň kagyz göterijide bellenilen görnüşini tassyklamak döwlet notariusy ýa-da notarial hereketleri amala aşyrmak hukugyna eýe bolan başga wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

9-njy madda. Elektron resminamanyň nusgasy

1. Elektron resminamanyň kagyz göterijide nusgasy bolup biler. Elektron resminamanyň nusgasy onuň degişli elektron resminamanyň nusgasy bolup durýandygyna bolan görkezmäni özünde saklap biler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylyp bilner.

2. Elektron resminamanyň kagyzdan başga, elektron göterijiden aýrylan beýleki maddy obýektdäki ýa-da göwnejaý ýagdaýda tassyklanmadyk kagyz göterijidäki nusgasynyň elektron resminamanyň nusgasy hökmünde hukuk güýji ýokdur.

3. Bir şahs tarapyndan kagyz göterijidäki resminama hem-de mazmuny boýunça oňa meňzeş elektron resminama döredilen halatynda, resminamanyň ikisi-de özbaşdak resminamalar diýlip hasap edilýär. Şu ýagdaýda kagyz göterijidäki resminama elektron resminamanyň nusgasy bolup durmaýar.

10-njy madda. Elektron resminamanyň, kagyz göterijidäki resminamanyň we olaryň nusgalarynyň hukuk derejesi

1. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş elektron resminama we kagyz göterijidäki resminama birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

2. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş bolan elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy we kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

3. Resminamany, şol sanda ony ýazmaça subutnama hökmünde bermek babatdaky talap, eger kagyz göterijidäki resminamanyň asyl nusgasynyň ýa-da onuň elektron nusgasynyň ýerine elektron resminamanyň asyl nusgasy ýa-da onuň şu Kanunyň 9-njy maddasynyň talaplaryna laýyk gelýän kagyz göterijidäki nusgasy berilse, ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

4. Elektron resminamanyň subutnama hökmünde ýol bererliligi (elektron resminamanyň mazmunyna we niýetlenilişine garamazdan) onuň diňe elektron görnüşe eýediginiň esasynda ret edilip bilinmez.

5. Elektron resminama şu aşakdakylaryň asyl nusgasy hökmünde ulanylyp bilinmez:

1) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, diňe bir asyl nusgada döredilip bilinjek resminamanyň;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki resminamalaryň.

6. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat-hukuk geleşiginiň notarial taýdan tassyklanylmagy göz öňünde tutulan bolsa, elektron resminamany (elektron resminamalary) düzmek arkaly resmileşdirilen şeýle geleşik bu elektron resminama (elektron resminamalara) onuň sanly goluny goýmak arkaly döwlet notariusy tarapyndan tassyklanylmalydyr.

11-nji madda. Elektron resminamalaryň goragy

1. Elektron resminama ýok etmek, görnüşini üýtgetmek, ýoýmak, nusgasyny almak, gabamak maksady bilen rugsatsyz täsir edilmeginiň, aýan edilmeginiň we goralýan maglumatlaryň elýeterli bolmagynyň öňüniň alynmagyny kepillendirmäge mümkinçilik berýän goragyň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan zerur derejesini berjaý etmek bilen, elektron tehniki serişdeleriň we telekommunikasiýa aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi arkaly döredilmelidir, işlenip taýýarlanylmalydyr, saklanylmalydyr we berilmelidir.

2. Elektron resminama dolanyşygyny amala aşyrmagyň çäklerinde elektron resminama dolanyşygynyň taraplary üçin elýeterli bolan ähli şahsy maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygyny saklamagyň zerur kepillikleri bilen goralmalydyr.

3. Elektron resminama dolanyşygynyň her bir tarapy elektron resminamalary rugsat edilmedik elýeterlilikden goramak boýunça amallary berjaý etmäge we çäreleri görmäge borçludyr.

4. Elektron resminama dolanyşygyny guramak üçin maglumatlar ulgamlaryndan we kompýuter torlaryndan peýdalanylanda elektron resminamalaryň we olarda saklanylýan maglumatlaryň goragynyň zerur derejesi bu ulgamlaryň we torlaryň eýeleri tarapyndan üpjün edilýär.

12-nji madda. Ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalar

1. Döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syry bolup durýan maglumatlar, şeýle hem ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen ýa-da çäklendirilen beýleki maglumatlar elektron resminamalaryň mazmuny bolup biler. Şeýle maglumatlardan peýdalanmagyň kadalary we goramagyň çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary özünde saklaýan elektron resminamalar bilen işlemek öz wezipelerine girýän döwlet edaralary, olaryň wezipeli adamlary, gaýry fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, maglumatlary goramagyň zerur çärelerini üpjün etmäge borçludyrlar.

13-nji madda. Elektron resminamalary saklamak we elektron resminamalaryň arhiwleri

1. Elektron resminamalar olaryň bitewüligini we hakykylygyny barlamaga mümkinçilik berýän görnüşde maglumatyň elektron göterijisinde saklanylmalydyr.

2. Elektron resminamalary maglumatyň elektron göterijisinde saklamagyň möhleti kagyz göterijidäki degişli resminamalar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletden az bolmaly däldir, şol sanda raýat-hukuk gatnaşyklarynda taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny belleýän elektron resminamalar üçin hak isleýiş wagt möhletinden az bolmaly däldir.

3. Elektron resminamalary maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamlarynda kagyz göterijidäki degişli resminamalar üçin bellenilen möhletiň dowamynda saklamak mümkin bolmadyk halatynda, resminamalary maglumatyň elektron göterijisiniň birnäçesinde saklamak üçin çäreler görülmeli we olaryň nusgasynyň yzygiderli alynmagy amala aşyrylmaly. Elektron resminamalary mundan beýläk saklamak maksady bilen, olaryň nusgasyny almak işleri resminamalary hasaba almagyň we nusgasyny almagyň hereket edýän tertibine laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamyndan elektron resminamanyň nusgasy alnanda, bu enjamda maglumatlaryň bitewüligi hökmany suratda barlanylmalydyr we üpjün edilmelidir.

4. Elektron resminamalary maglumatlaryň bitewüligini üpjün etmek bilen, degişli maglumatyň elektron göterijisiniň ýatda saklaýjy enjamlarynda kagyz göterijidäki resminamalary saklamak üçin bellenilen möhletiň dowamynda saklamak mümkin bolmadyk halatynda, resminamanyň kagyz görnüşindäki asyl nusgasy bolmadyk şertinde, elektron resminamalar kagyz göterijidäki nusga görnüşinde saklanylmalydyr.

5. Elektron resminamalary saklamak bilen baglanyşykly borç elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň üstüne ýüklenilýär.

Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri elektron resminamalaryň saklanylmagyny özbaşdak, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary berjaý edilen şertinde, dellalyň, elektron resminama dolanyşygyndaky arhiw we beýleki edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp üpjün edip bilerler.

6. Elektron resminamalar saklanylanda şu talaplaryň berjaý edilmegi hökmanydyr:

1) elektron resminamalarda saklanylýan maglumat mundan beýläk ondan peýdalanmak, şol sanda kagyz göterijide elektron resminamalaryň nusgalaryny bermek üçin elýeterli bolmalydyr;

2) elektron resminamanyň onuň döredilen, iberilen ýa-da alnan ölçeginde dikeldilmek mümkinçiligi üpjün edilmelidir;

3) elektron resminamanyň gelip çykyşyny we niýetlenilişini, iberijisini, adresatyny, şeýle hem onuň iberilen ýa-da alnan senesini we wagtyny anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlar bolmalydyr;

4) elektron resminamalaryň ätiýaçlyk nusgalarynyň alynmagy hemişe üpjün edilmelidir;

5) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň şertnamasynda (ylalaşygynda) başgaça bellenilmedik bolsa, elektron resminamalar olaryň döredilen, iberilen ýa-da alnan ölçeginde saklanylmalydyr.

7. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, elektron resminamalar arhiwler we arhiw işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hemişelik saklanylmaga tabşyrylýar. Elektron resminamalar hemişelik saklanylmagy üçin kabul edilende, olaryň hakykylygy anyklanylmalydyr.

8. Elektron resminamalaryň arhiwleri rugsat edilmedik elýeterlilikden hem-de ýok edilmeden we (ýa-da) ýoýulmadan goralmaga degişlidir.

9. Elektron resminamalary saklamak üçin döredilýän elektron maglumatlar binýadynyň goragy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda üpjün edilmelidir.

14-nji madda. Elektron resminamalaryň kazyýetde ýa-da beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanylmagy

1. Elektron resminama kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda öz ähmiýeti boýunça ýazmaça subutnamalara deň derejede subutnama diýlip ykrar edilýär.

2. Elektron resminamalary kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

15-nji madda. Döwlet belligine alynmagyny talap edýän hereketler amala aşyrylanda elektron resminamalardan peýdalanylmagy

Döwlet belligine alynmagy talap edilýän hereketler amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän elektron resminamalardan peýdalanylyp bilner.

16-njy madda. Elektron resminamalaryň notarial taýdan tassyklanylmagy

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron görnüşde döredilen resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagy talap edilse, onda elektron görnüşde döredilen resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, notarial taýdan tassyklanylmagyna degişlidir.

2. Elektron resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagynyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

17-nji madda. Daşary ýurt döwletiniň hukuk kadalaryna we halkara standartlaryna laýyklykda döredilen elektron resminamanyň ykrar edilmegi

Daşary ýurt döwletiniň hukuk kadalaryna we halkara standartlaryna laýyklykda döredilen elektron resminama, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar berjaý edilende, Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynyň we (ýa-da) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň çäginde ykrar edilýär.

III BAP. ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGY

18-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň maksatlary we wezipeleri

1. Şular elektron resminama dolanyşygynyň maksatlarydyr:

1) pudagyň içindäki we pudagara maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

2) dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini ýokarlandyrmak;

3) kagyz we elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has netijeli usulyny saýlamak;

4) maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini döretmek;

5) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň resminamalarynyň hasaba alynmagyny, gözegçiligini we saklanylmagyny guramak;

6) resminamalaryň ýitirilmeginiň öňüni almak;

7) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň binýadynda ulanylýan maglumatyň goraglylyk we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak;

8) elektron resminama dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüligini we elýeterliligini üpjün etmek.

2. Şular elektron resminama dolanyşygynyň wezipeleridir:

1) döwlet häkimiýet edaralary üçin dolandyrmagyň we ýerine ýetirmegiň gözegçiliginiň çeýe gurallaryny döretmek;

2) döwlet maglumat serişdelerini döretmek we olaryň elýeterliligini guramak;

3) elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasynda elektron resminamalaryň alyş-çalşygyny guramak;

4) elektron resminama dolanyşygynda elektron resminamanyň we maglumatyň elektron alyş-çalşygynyň ýeke-täk ölçegini işläp taýýarlamak we girizmek;

5) elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanylanda iş dolandyryjylygynyň birsydyrgynlylyk talaplaryny üpjün etmek;

6) pudagara iş dolandyryjylygyny netijeli alyp barmak üçin hyzmat ediş wezipelerini guramak;

7) pudaklaryň arasynda maglumat alşylanda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryny ýerine ýetirmek.

19-njy madda. Elektron resminama dolanyşygynyň esasy ýörelgeleri

Şular döwlet maglumat ulgamlarynda hem, döwlete dahylsyz maglumat ulgamlarynda hem amala aşyrylýan elektron resminama dolanyşygynyň esasy ýörelgeleridir:

1) maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak we bermek üçin işiň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylýan ähli çygyrlarynda elektron resminamalardan peýdalanylmagy;

2) elektron resminamanyň ony kesgitli anyklamaga mümkinçilik berýän bir gezek bellige alynmagy;

3) elektron resminamalaryň hereket ediş wagtyny gysgaltmaga we olardan peýdalanylmagynyň dessinligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän amallaryň birwagtda ýerine ýetirilmek mümkinçiligi;

4) resminamanyň hereketiniň elektron resminamanyň dolanyşygynyň (iş amalynyň) her bir pursadynda elektron resminamanyň (wezipäniň) ýerine ýetirilmegine jogapkäri anyklamaga mümkinçilik berýän üznüksizligi;

5) elektron resminama maglumatynyň elektron resminamalaryň gaýtalanmak mümkinçiligini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk (ýa-da ylalaşylyp paýlanan) binýatlylygy;

6) elektron resminamany agtarmagyň elektron resminama barada az maglumata eýe bolup, ony tapmaga mümkinçilik berýän netijeli guralan ulgamlylygy;

7) elektron resminama dolanyşygynyň iş amallary boýunça elektron resminamalaryň hereketine gözegçilik etmäge we şol hasabatlardaky maglumatlara esaslanyp, dolandyryjylyk çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň dürli hukuk derejeleri we nyşanlary boýunça hasabatlylygyň ösen ulgamlylygy;

8) elektron resminamalardan peýdalanylanda, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

9) elektron sanly gol esasynda elektron resminamanyň barabarlanmagynyň we bitewüliginiň üpjün edilmegi.

20-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri

1. Elektron resminamalary işläp taýýarlamaga, ibermäge, bermäge, almaga, saklamaga, peýdalanmaga, goramaga, täzelemäge, gözlemäge, ýygnamaga, ýaýratmaga, gabamaga we ýok etmäge gatnaşýan döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň gaýry ýuridik we fiziki şahslary elektron resminama dolanyşygynyň subýektleridir.

2. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri elektron resminama dolanyşygynda gol çekýän şahs, adresat we dellal hökmünde çykyş edip bilerler.

3. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleri maglumat we onuň goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän hukuklara we borçlara eýedirler.

4. Eger elektron resminama dolanyşygynyň barşynda elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilmedik goşmaça hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemekde zerurlyk ýüze çyksa, şeýle hukuklar we borçlar bu subýektler tarapyndan şertnamalaýyn başlangyçlarda bellenilip bilner.

21-nji madda. Elektron resminama dolanyşygynyň esasy pudaklary (ugurlary)

Şu aşakdakylar elektron resminama dolanyşygynyň esasy pudaklarydyr (ugurlarydyr):

1) döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň gaýry ýuridik we fiziki şahslary, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan hyzmatlaryň edilmegi;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň pudagara we pudagyň içindäki elektron resminama dolanyşygy;

3) elektron görnüşdäki töleg;

4) elektron söwda;

5)Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki sanly hyzmatlar.

22-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň pudagara we pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy

1. Döwlet dolandyryşynda elektron resminama dolanyşygy döwlet häkimiýet edaralarynyň hem pudagara, hem pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygyny üpjün edýän köp derejeli ulgamdyr.

2. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň arasynda, hem-de sebitleriň maglumat ulgamlary bilen maglumat alşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýörelgelerde döredilýär.

Tehnologik nukdaýnazardan, pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy elektron resminama dolanyşygynyň pudaklaýyn ulgamlaryny öz içine alýan bir bitewi tor görnüşinde döredilýär.

3. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyny döretmek we onuň işlemegi üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynyň özara hereketiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeke-täk standartlary işlenip taýýarlanylýar.

4. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy döredilende elektron sanly goldan peýdalanmak bilen, elektron resminamalaryň ulanylmagyny üpjün edýän mehanizmler göz öňünde tutulmalydyr. Şu maksat üçin elektron sanly goluň açyk açarlaryny peýdalanmak bilen, pudagara elektron resminama dolanyşygynda elektron sanly goly ulanmaga bildirilýän talaplar kesgitlenilýär.

5. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça ähli guramaçylyk we tehniki çözgütler şu umumy ýörelgelere esaslanmalydyr:

1) möçberlilik — ulgam ilkibaşda döwlet häkimiýet edaralarynyň iş orunlarynyň birnäçesinde herekete girizilip bilner, soňra iş orunlarynyň çäklendirilmedik sanyna ýaýradylyp bilner;

2) çeýelik — edara gurluş taýdan üýtgedilip guralanda we resminamalar bilen işlemegiň alnyp barlyşy üýtgedilende, ulgam düýpli gaýtadan gurnalmagyny talap etmeli däldir;

3) tehnologik goraglylyk — peýdalanyjylara bellenilen tertibe laýyklykda, pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamynyň maglumat serişdelerine bolan elýeterliligi bermek, maglumatyň kriptografik gorag serişdelerini we elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak, maglumat kompýuter torunyň üsti bilen berlende onuň bitewüligini üpjün etmek;

4) ulgamlylyk — ulgam elektron resminama dolanyşygynyň ähli wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine, ýagny resminamalary taýýarlamakdan, olary bellige almakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden başlap, hasabatlylygyň berilmegine, resminamalaryň agtarylmagyna we olaryň saklanylmagy üçin berilmegine çenli gönükdirilmelidir;

5) ulgamyň bitewüligi — pudagara elektron resminama dolanyşygynyň döredilýän ulgamy iş dolandyryjylygy goşmak bilen, elektron resminama dolanyşygynyň döwlet dolandyryşynda hereket edýän ähli ulgamlaryny bitewüleşdirmelidir, ýagny resminamalaryň geçmeginiň aýry-aýry tehniki böleklerini bitewi ulgama birleşdirmelidir;

6) ulgamlaýyn açyklyk — pudagara elektron resminama dolanyşygynyň ulgamyna täze goşundylaryň, täze wezipeleriň ýönekeý goşulmagy ýa-da olaryň eýýäm bar bolanlarynyň kämilleşdirilmegi babatdaky mümkinçilik, şeýle hem beýleki elektron maglumat ulgamlary bilen maglumatlaryň alşylmagyny guramak mümkinçiligi;

7) uzakdan elýeterlilik — döwlet dolandyryşynda pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň dürli elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda resminamalaryň akymynyň hereketini üpjün etmäge gönükdirilendigine görä, ol telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça berilýän resmi maglumata bolan uzakdan elýeterliligiň mümkinçiligini üpjün etmelidir.

6. Pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy şu aşakdaky esasy kiçi ulgamlardan ybaratdyr:

1) iş dolandyryjylygy;

2) resminama dolanyşygy;

3) resminamalary dolandyrmak;

4) elýeterlilik hukuklaryny düzgünleşdirmek;

5) elektron resminamalaryň arhiwi;

6) ulgamyň maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak.

7. Iş dolandyryjylygyň kiçi ulgamy iş dolandyryjylygyň kabul edilen kadalaryna we standartlaryna laýyklykda, elektron resminamalary bellige almagyň, hasabyny ýöretmegiň, iberilmeli ugruny kesgitlemegiň we ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň üpjün edilmegi üçin döredilýär.

8. Resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamy guramanyň içinde we daşynda elektron resminamalary alyşmagyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasynyň esasynda awtomatlaşdyrylmagy üçin niýetlenendir.

9. Resminamalary dolandyrmagyň kiçi ulgamy peýdalanyjylaryň biriniň ýa-da peýdalanyjylaryň toparynyň elektron resminamalary bilen işi (döretmek, mazmunyny ýa-da derejesini üýtgetmek we beýleki işler) üpjün edýär.

10. Elýeterlilik hukuklaryny düzgünleşdirmegiň kiçi ulgamy ygtyýarlyklary çäklendirmegiň we resminamalara bolan elýeterlilige gözegçilik etmegiň gurallarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

11. Elektron resminamalaryň arhiwiniň kiçi ulgamy iş dolandyryjylygyň kabul edilen kadalaryna we standartlaryna laýyklykda, elektron resminamalaryň nusgalarynyň saklanylmagyny, elektron arhiwleriň pudaklaýyn ulgamlarynyň döredilmegini we olaryň pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamy bilen bitewüleşdirilmegini üpjün edýär.

12. Ulgamyň maglumat howpsuzlygyny dolandyrmagyň kiçi ulgamy elektron resminama dolanyşygynyň maglumat ulgamlarynyň we aragatnaşyk kanallarynyň goragyny üpjün edýän ulgamyň dolandyrylmagyny hem-de gözegçiliginiň hemişe alnyp barylmagyny üpjün edýär.

13. Şu maddanyň altynjy böleginde görkezilen kiçi ulgamlaryň merkezi bölegi bolup elektron dolandyryş dessury hyzmat edýär.

Elektron dolandyryş dessury pudagara elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň standartlaryna we talaplaryna laýyklykda, pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygy ulgamyndaky elektron resminamalar bilen işlemegiň kadalaryny we tertibini (ulanylýan elektron resminamalaryň ölçeglerini, ibermegiň ugurlaryny, resminamalary hasaba almagyň, saklamagyň tertibini we beýlekileri) kesgitleýär.

14. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň tehnologiýasyny pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň şu aşakdaky funksional mümkinçilikleri goldaýarlar:

1) elektron poçta boýunça berlen, şol sanda elektron sanly gol bilen tassyklanylan hem-de kriptografik gorag bilen üpjün edilen resminamalary awtomatlaşdyrylan düzgünde bellige almak;

2) elektron görnüşdäki faýllara berkidilen resminama bolan elýeterlilik hukuklaryny çäklendirmek;

3) her bir wezipeli adama — iş dolandyryjylyga gatnaşyja öz şahsy wirtual otagyny bermek bilen, wezipeli adamyň diňe öz ygtyýarlylygyna degişli resminamalara elýeterliligini gazanmak;

4) tor boýunça (wezipeli adamlaryň iş otaglary boýunça) elektron resminamalary we olar boýunça tabşyryklary ibermek;

5) resminamalaryň taslamalaryny ylalaşmak iş amallaryny üpjün etmek;

6) uzak aralykdan doly ýazgyly gözlegi goşmak bilen, elektron resminamalaryň doly ýazgyly we atributiw gözlegi;

7) elektron sanly gol bilen we maglumaty goramagyň sertifikatlaşdyrylan serişdeleriniň kömegi bilen şifrlenip goralan elektron çykyş resminamalaryny elektron poçta arkaly ibermek ýa-da döwlet häkimiýet edarasynyň maglumat portalynda çap etmek;

8) işi döretmek we resmileşdirmek: işleriň nomenklaturasyna we işiň içerki resminamalarynyň ulgamlaşdyrylyşyna laýyklykda, ýerine ýetirilen resminamalary iş bukjalarynda toparlara bölmek;

9) elektron resminamalaryň, işleriň arhiwleýin saklanylyşy.

15. Pudagara elektron resminama dolanyşygynyň bitewülik gurşawynda pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň funksional mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek aşakdakylaryň bolmagyny talap edýär:

1) resminamalar bilen işleýän ähli gullukçylar kompýuterler bilen hökmany doly üpjün edilende öndürijiligi boýunça ornaşdyrylýan programma üpjünçiligine meňzeş hasaplaýjy tehnikanyň serişdeleriniň we elektron resminama dolanyşygynyň pudagara we pudaklaýyn ulgamlarynyň programma üpjünçiliginiň;

2) meňzeş geçirijilik ukyby bolan pudagara we içerki pudaklaýyn kompýuter torlarynyň;

3) kagyz göterijidäki resminamalary elektron görnüşe geçirmegiň tehniki mümkinçilikleriniň.

16. Pudaklaýyn elektron resminama dolanyşygynyň kiçi ulgamlarynyň funksional mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän serişdelere we tehnologiýalara şular degişlidir:

1) kagyz göterijidäki resminamalary elektron görnüşe geçirmegiň serişdeleri we tehnologiýalary (skanerler we degişli programma goşundysy);

2) öz eli bilen çekilen goluň oňa deň bolan elektron görnüşi;

3) elektron maglumatlary bermegiň serişdeleri;

4) elektron maglumaty saklamagyň serişdeleri;

5) maglumaty goramagyň serişdeleri.

17. Döwlet häkimiýet edaralarynyň elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlarynyň arasynda maglumat alyşmagyň ýaşyrynlygyny üpjün etmek döwlet maglumat ulgamlaryny goramak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

18. Pudagara elektron resminama dolanyşygy durmuşa geçirilende, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmagy hökmanydyr.

IV BAP. ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURALYŞY WE IŞLEÝŞI

23-nji madda. Elektron resminamalaryň berlişi

Elektron resminamalary bermek gol çekýän şahsyň (gol çekýän şahs tarapyndan elektron resminamalary ibermäge ygtyýarly edilen dellalyň) we adresatyň elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda bellenilen ýa-da gös-göni aragatnaşyk arkaly, ýa-da dellallaryň elektron maglumat ulgamlarynyň serişdeleriniň kömegi bilen bu elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak arkaly, ýa-da ýatda saklaýjy enjamlarda bermek arkaly amala aşyrylýar.

24-nji madda. Elektron resminamalary ibermek

1. Eger elektron resminama gös-göni gol çekýän şahs tarapyndan ýa-da onuň elektron resminamalary awtomatik düzgünde ibermek üçin programmirlenen elektron maglumat ulgamynyň üsti bilen iberilen bolsa, şeýle hem gol çekýän şahs tarapyndan resminamalary onuň adyndan ibermäge ygtyýarly edilen dellal tarapyndan iberilen bolsa, ol gol çekýän şahs tarapyndan iberilen diýlip hasap edilýär.

2. Eger gol çekýän şahs we adresat başga zat hakynda deslapdan ýazmaça görnüşde şertleşmedik bolsalar, elektron resminamanyň ony iberen şahs tarapyndan ýatyrylyp bilinmejek senesi we wagty elektron resminamanyň iberilen senesi we wagty diýlip hasap edilýär. Elektron resminama elektron göterijide iberilen halatynda, onuň iberilmegi üçin aragatnaşyk kärhanasyna tabşyrylan senesi we wagty elektron resminamanyň iberilen senesi we wagty diýlip hasap edilýär.

3. Eger gol çekýän şahs we adresat başga zat hakynda deslapdan ýazmaça görnüşde şertleşmedik bolsalar, resminamanyň iberilen elektron maglumat ulgamy başga ýerde ýerleşýän hem bolsa, elektron resminama gol çekýän şahsyň ýerleşýän ýerinden (fiziki şahslar üçin — ýaşaýan ýerinden) iberilen diýlip hasap edilýär. Görkezilen taraplaryň ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, eger resminamalaryň buýurmaly hat bilen iberilmegi ýa-da olaryň gol çekdirilip berilmegi talap edilýän bolsa, şeýle talap elektron resminamalara degişli däldir. Şeýle ýagdaýlarda elektron resminamalaryň hakyky alnandygyny tassyklamak şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Adresata aşakdakylar mälim bolan halatynda, elektron resminama iberilmedik diýlip hasap edilýär:

1) resminamada onuň düzüjisi hökmünde görkezilen şahsyň hakykat ýüzünde elektron resminamany düzmändigi ýa-da ibermändigi;

2) resminamanyň ýoýulmalar bilen alnandygy;

3) elektron sanly goluň tassyk bolmandygy.

25-nji madda. Elektron resminamalaryň alynmagy

1. Eger elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen ýa-da Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gol çekýän şahsyň elektron resminamasynyň, hakykatdan-da, alnandygy barada adresatyň habarynyň gol çekýän şahsa gelip gowşan pursadyndan elektron resminama adresat tarapyndan alnan diýlip hasap edilýär.

2. Eger Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen elektron resminamanyň, hakykatdan-da, alnandygynyň awtomatik tassyklanylmagy göz öňünde tutulmasa, bu hakykaty tassyklamak elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Eger elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky ylalaşyk bilen elektron resminamanyň alnandygyny tassyklamagyň tertibi kesgitlenilmedik bolsa, ol

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler