Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kanuny Ekologiýa maglumaty hakynda

0
48721
Soňky täzelenme:

Şu Kanun ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtyndaky maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler


1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ekologiýa maglumaty — ýazmaça, audiowizual, elektron ýa-da şu Kanunda göz öňünde tutulan başga maddy görnüşdäki, ekologiýa babatda islendik maglumat;

2) ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler — özleriniň hojalyk we beýleki işleriniň netijesinde daşky gurşawa täsir edýän we ekologiýa maglumatyny emele getirýän döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki ýuridik şahslar, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar;

3) ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylar — şu Kanuna laýyklykda ekologiýa maglumatyny almak we peýdalanmak isleýän ýuridik we fiziki şahslar;

4) ekologiýa maglumatyna elýeterlilik — ekologiýa maglumatyny onuň peýdalanyjylaryna bermek, şeýle hem resminamalary öwrenmek we şol ýerde nusgalaryny almak ýa-da çap edilen maglumata salgylanma almak ýoly bilen olara bu maglumaty gözlemäge mümkinçilik bermek;

5) ekologiýa maglumat serişdeleri — ekologiýa maglumatlar ulgamyna girizmek üçin niýetlenilen ýa-da onda saklanylýan ýa-da ony bermekligiň usulyna ýa-da saklamaklygyň guralyşyna bagly bolmadyk, resminamalarda, resminamalar toplumlarynda, kitaphanalar gaznasynda, arhiwlerde, maglumat binýatlarynda saklanylýan ekologiýa maglumatlary;

6) ekologiýa maglumatyny bermek — şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ekologiýa maglumatyna eýelik edijileriň üstüne ýüklenen borçlaryna laýyklykda degişli maglumaty ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylara bermeklige gönükdirilen hereketler;

7) ekologiýa maglumatyny ýaýratmak — ekologiýa maglumatyna eýelik edijileriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli maglumaty çap edilýän neşirlerde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet torundaky öz resmi saýtlarynda ýerleşdirmek ýoly bilen we ony sanly ulgamlaryň üsti bilen ýa-da beýleki umumy elýeter usullar arkaly ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirmäge gönükdirilen hereketleri;

8) ygtyýarlandyrylan edara — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

2. Beýleki düşünjeler şu Kanunyň käbir maddalarynda kesgitlenilýär.

2-nji madda. Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Intellektual eýeçiligi, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklary, döwlet syrlaryny we kanun arkaly goralýan beýleki syrlary goramak babatdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanun ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerde bar bolan ekologiýa maglumatyna elýeterlilik hukugyny, ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan onuň berilmegini ýa-da ýaýradylmagyny üpjün etmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär we bu hukugy üpjün etmegiň esasy şertlerini hem-de tertibini kesgitleýär.

2. Şu Kanun aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär:

1) ekologiýa maglumaty ýygnanylanda, saklanylanda, berlende, ýaýradylanda hem-de peýdalanylanda;

2) ekologiýa maglumatyna elýeterliligi bolan ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklary goralanda.

II BAP. EKOLOGIÝA MAGLUMATYNYŇ GÖRNÜŞLERI, DÜZÜMI WE ONUŇ EMELE GELMEGINIŇ ÇEŞMELERI.

EKOLOGIÝA MAGLUMATYNYŇ DÖWLET GAZNASY

4-nji madda. Ekologiýa maglumatynyň görnüşleri


1. Ekologiýa maglumaty umumy elýeterli ekologiýa maglumatyna we ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatyna bölünýär.

2. Ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatyna degişli bolmadyk, hemmelere elýeterli bolan, berilmegine we ýaýradylmagyna rugsady çäklendirilmedik, çap edilýän neşirlerde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet torundaky resmi saýtlarda we ony sanly ulgamlaryň üsti bilen ýa-da beýleki umumy elýeter usullar arkaly ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirmek maksady bilen ýerleşdirilen ekologiýa maglumaty umumy elýeterli ekologiýa maglumaty bolup durýar.

3. Şertnama esasynda berilýän we bermek üçin ýygnanylmagy, gaýtadan işlenilmegi we seljerilmegi öz içine alýan goşmaça taýýarlyk işlerini talap edýän ekologiýa maglumaty ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumaty bolup durýar.

4. Daşky gurşawa görnüp duran ýaramaz täsirler baradaky ekologiýa maglumaty ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatyna degişli edilip bilinmez.

5-nji madda. Ekologiýa maglumatynyň düzümi

Ekologiýa maglumaty şu maglumatlary öz içine alýar:

1) daşky gurşawyň ýagdaýy, şol sanda ýerleriň, topraklaryň, ýerasty baýlyklaryň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, tokaýlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hem-de onuň biologik dürlüliginiň, ekologiýa ulgamlaryň, tebigy landşaftlaryň we aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, atmosfera howasynyň, klimatyň we Ýeriň ozon gatlagynyň, beýleki tebigy obýektleriň ýagdaýy barada, şeýle hem şol obýektleriň özara baglanyşygy, gen-inžener organizmler we mikroorganizmler barada maglumatlary;

2) daşky gurşawa gelip düşmegi onuň düzüm birliklerine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek hapalaýjy maddalar, howply himiki we biologik maddalar, radioaktiw materiallar, galyndylar barada, şeýle hem daşky gurşawa kada görkezijileriniň ýol berilýän aňrybaş derejesinden ýokary sesleriň, titremäniň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň täsir etmegi barada maglumatlary;

3) şu maddanyň 1-nji bendinde görkezilen daşky gurşawyň düzüm birlikleriniň ýagdaýyna täsir edýän ýa-da täsir edip biljek döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çäreleri, ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň hojalyk we beýleki işi, harajatlaryň we netijeleriň seljerilişi, şeýle hem daşky gurşawa degişli meseleler boýunça çözgütler kabul edilende ulanylýan beýleki ykdysady seljerişler we çaklamalar barada maglumatlary;

4) durmuşa geçirilmegi daşky gurşawyň ýagdaýyna täsir edýän ýa-da täsir edip biljek tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalar, konsepsiýalar, strategiýalar, maksatnamalar we meýilnamalar barada maglumatlary;

5) raýatlaryň saglyk ýagdaýyna, olaryň ýaşaýyş şertlerine we howpsuzlygyna daşky gurşawyň täsir edýän ýa-da täsir edip biljek derejesi barada maglumatlary;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen daşky gurşawyň ýagdaýy barada beýleki maglumatlary.

6-njy madda. Ekologiýa maglumatynyň emele gelmeginiň çeşmeleri

Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan berilýän ýa-da ýaýradylýan ekologiýa maglumaty şularyň netijesinde emele gelýär:

1) daşky gurşawa gözegçiligiň (monitoring);

2) daşky gurşawy goramak babatynda ölçegleri geçirmegiň;

3) daşky gurşawy goramak babatynda döwlet hasaba alnyşyny ýöretmegiň;

4) ulanylýan tebigy serişdeleriň we daşky gurşawa täsirleriň hasaba alnyşyny ýöretmegiň;

5) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa täsirine baha bermegiň;

6) ekologiýa seljermesini geçirmegiň;

7) daşky gurşawy goramak babatynda barlagy amala aşyrmagyň;

8) ekologiýa auditini geçirmegiň;

9) ekologiýa ulgamy boýunça ekologiýa kadastryny geçirmegiň;

10) ekologiýa taýdan sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrmagyň;

11) daşky gurşawy goramak babatynda kadalaşdyrmany amala aşyrmagyň;

12) tebigatdan peýdalanylmagyna hukuk berýän ýörite rugsatnamalaryň (ygtyýarnamalaryň), beýleki rugsatnamalaryň we resminamalaryň berilmeginiň, bu rugsatnamalara we beýleki resminamalara üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmeginiň, olaryň gaýtadan berilmeginiň, möhletiniň uzaldylmagynyň, hereketiniň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň;

13) tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamalary, meýilnamalary we çäreleri işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň;

14) daşky gurşawy goramak babatynda ylmy barlaglary geçirmegiň;

15) daşky gurşawy goramak babatynda beýleki işleriň amala aşyrylmagynyň.

7-nji madda. Ekologiýa maglumatynyň döwlet gaznasy

1. Ekologiýa maglumatynyň döwlet gaznasy (mundan beýläk — Gazna) — döwlet edaralaryny we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny hem-de beýleki ýuridik we fiziki şahslary daşky gurşawyň we onuň obýektleriniň ýagdaýy, daşky gurşawa täsir edýän ýagdaýlar, ony goramak boýunça çäreler, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak we ony azaltmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak barada ygtybarly maglumat bilen üpjün etmek maksady bilen, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan döredilýän döwlet maglumat binýady.

2. Gaznanyň ekologiýa maglumat serişdeleri şu tertipde jemlenilýär:

1) döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki ýuridik şahslar tarapyndan hökmany tertipde berilýän maglumatlar esasynda;

2) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan meýletin esasda berilýän maglumat esasynda.

3. Gaznanyň ekologiýa maglumat serişdeleriniň düzümine şu ekologiýa maglumatlary girýär:

1) tebigy serişdeler kadastrynyň ekologiýa babatdaky maglumaty;

2) zyňyndylaryň registri we hapalaýjylaryň göçürilmeleriniň hem-de ekologiýa maglumatynyň beýleki registrleri;

3) ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşleriniň we ekologiýa taýdan howply obýektleriň Sanawy;

4) daşky gurşawa gözegçiligiň (monitoring) maglumatlary;

5) meýilleşdirilen işler boýunça buýrujynyň razylygy bilen geçirilen döwlet ekologiýa seljermesiniň we daşky gurşawa täsir etmelere baha bermegiň maglumatlary;

6) daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalar hem-de kadalaşdyryjy tehniki resminamalar;

7) daşky gurşawy goramak bilen bagly ylmy-barlag we tejribe-konstruktorlyk işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar;

8) ekologiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar babatda ylmy-tehniki edebiýatlar;

9) ekologiýa maglumatyny öz içine alýan beýleki maglumatlar we resminamalar.

4. Gazna üçin maglumat serişdeleriniň ýygnanylmagy sanly ulgam arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki usullar bilen amala aşyrylyp bilner.

5. Gazna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ol hakyndaky Düzgünnama laýyklykda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan döredilýär we alnyp barylýar.

6. Gazna hakyndaky Düzgünnama Gaznanyň döredilmeginiň we alnyp barylmagynyň, degişli ekologiýa maglumatlarynyň ýygnanylmagynyň, saklanylmagynyň, seljeriş geçirilmeginiň, ony ekologiýa maglumatyndan peýdalanyjylara berilmeginiň we umumy elýeter usullar arkaly ýaýradylmagynyň meselelerini öz içine alýar.

8-nji madda. Ekologiýa maglumaty babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) ekologiýa maglumaty babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) ekologiýa maglumatyny ýygnamak, saklamak, seljeriş geçirmek, bermek we ýaýratmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

3) ekologiýa maglumatyny ýygnamak, saklamak, seljeriş geçirmek, bermek we ýaýratmak boýunça döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmaklygy amala aşyrýar;

4) ilatyň we tebigatdan peýdalanyjylaryň ekologiýa aň-bilimini ösdürmek, terbiýelemek hem-de ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça çäreleri guraýar we geçirýär;

5) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde we şertlerde Gaznany döredýär we alyp barýar;

6) Gazna baradaky Düzgünnamany işläp taýýarlaýar we ony bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän ekologiýa maglumaty babatynda beýleki meseleleri çözýär.

III BAP. EKOLOGIÝA MAGLUMATYNA ELÝETERLILIK

9-njy madda. Ekologiýa maglumatyna elýeterlilige bolan hukuk


1. Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylara ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerde bar bolan ekologiýa maglumatyna erkin elýeterlilik hukugy kepillendirilýär.

Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň şu Kanunda bellenilen talaplary berjaý etmek şerti bilen, islendik görnüşlerde dürli çeşmelerden özlerini gyzyklandyrýan ekologiýa maglumatyny gözlemäge we almaga hukugy bardyr.

2. Fiziki şahslaryň özleriniň ýaşaýan salgysyna we ýazgyda duran ýerine garamazdan, ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerden Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özlerine amatly bolan görnüşlerde we makullanan şertlerde ekologiýa maglumatyny almaga hukugy bardyr.

3. Daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary bilen deň hatarda ekologiýa maglumatyna bolan elýeterlilik hukugy kepillendirilýär.

10-njy madda. Ekologiýa maglumatyna elýeterlilik hukugyny üpjün etmegiň kepillikleri

1. Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň ekologiýa maglumatyna eýelik edijilere şu Kanunda bellenilen tertipde we şertlerde ekologiýa maglumatyny almak üçin päsgelçiliksiz ýüz tutmaga hukugy bardyr.

2. Ekologiýa maglumatynyň berilmegi bir gezeklik ýüztutmalar, haýyşnamalar ýa-da şertnama baglaşmak esasynda amala aşyrylyp bilner.

3. Ekologiýa maglumatyny almak we peýdalanmak maksady bilen, ekologiýa maglumatyna eýelik edijilere ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylar ýüz tutan mahalynda (mundan beýläk — ýüz tutýan şahslar), olara ekologiýa maglumatyny gözlemek, degişli resminamalar bilen tanyşmak, olaryň nusgasyny almak, ýazmaça ýüztutmalaryna we haýyşnamalaryna resmi jogaplary almak üçin beýleki çäreleri amala aşyrmaklyga gerek bolan ähli şertleri döretmäge ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler borçludyrlar.

4. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler ekologiýa maglumatynyň ýygnanylmagyny, hasaba alynmagyny, saklanylmagyny, täzelenilmegini, berilmegini we ýaýradylmagyny amala aşyrýarlar.

5. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň ýolbaşçysy ekologiýa maglumaty bilen bagly işler boýunça jogapkär adamy belleýär.

6. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijileriň şu Kanunyň 11-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda ekologiýa maglumatynyň berilmeginden ýüz döndermeklige hukugy ýokdur.

7. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatynyň berilmegi ýüz tutýan şahslar bilen baglaşylýan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

8. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan ýüz tutýan şahslara elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmezligi, şeýle hem ekologiýa maglumatynyň berilmezligi ýa-da görnetin nädogry ekologiýa maglumatynyň berilmegi barada ýüz tutýan şahslar tarapyndan ýokarda durýan döwlet edaralaryna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

11-nji madda. Ekologiýa maglumatyna elýeterlilige çäklendirmeler

1. Ekologiýa maglumaty şu ýagdaýlarda berilmäge ýa-da ýaýradylmaga degişli däldir, eger-de:

1) ekologiýa maglumatynyň berilmegi ýa-da ýaýradylmagy adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň düzgünleriniň, deslapky derňew önümçiliginiň, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginiň amala aşyrylmagynyň bozulmagyna getirip biljek bolsa;

2) ekologiýa maglumatynyň berilmegi ýa-da ýaýradylmagy daşky gurşawa zyýan ýetirýän ýa-da oňa zyýan ýetirmek howpuny döredýän bolsa;

3) ekologiýa maglumaty döwlet ýa-da täjirçilik syrlary bolup durýan bolsa;

4) milli howpsuzlygyň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ýuridik şahslaryň hukuklarynyň goralmagynyň bähbidine Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Ekologiýa maglumatynyň berilmeginden şu halatlarda ýüz dönderilip bilner, eger-de:

1) ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerde soralýan ekologiýa maglumaty ýok halatynda hem-de ekologiýa maglumatyna beýleki eýelik edijilerden onuň alnyp bilinmedik ýagdaýlarynda;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

3. Şu ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi çäklendirmeklige ýol berilmeýär:

1) daşky gurşawyň ýagdaýy ýa-da oňa ýetirilen zyýan baradaky;

2) daşky gurşawy goramak babatynda aňryçäk ýol berilýän kada görkezijileriniň bozulyp, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagy we suw obýektlerine akdyrylýan hapa suwlaryň guýulmagy baradaky ýa-da şeýle kada görkezijileriniň bolmadyk ýagdaýynda, eger-de, olaryň işlenilip taýýarlanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda talap edilýän bolsa;

3) suw obýektine himiki we beýleki maddalaryň, olaryň garyndylarynyň ýa-da galyndylarynyň guýulmagy baradaky;

4) ýere (topraga) onuň hiliniň we ýerasty suwlaryň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiren himiki we beýleki maddalaryň dökülmegi baradaky;

5) daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kada görkezijileriniň bozulmagy bilen ionlaşma we elektromagnit şöhlelenmeler, ýol berilýän aňrybaş derejesinden ýokary sesler, ýa-da beýleki fiziki täsirler baradaky, ýa-da şeýle kada görkezijileriniň bolmadyk ýagdaýynda, eger-de, olaryň işlenilip taýýarlanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda talap edilýän bolsa;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

IV BAP. EKOLOGIÝA MAGLUMATY BABATDA ÝÜZTUTMALAR WE ÇÖZGÜTLER. EKOLOGIÝA MAGLUMATYNYŇ ÝAÝRADYLMAGY

12-nji madda. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüz tutmagyň tertibi


1. Ekologiýa maglumatyny bir gezeklik ýa-da şertnama esasynda almaga bolan gyzyklanma ýüz tutýan şahsyň ýazmaça ýüztutmasy ýa-da haýyşnamasy esasynda, ýa-da ekologiýa maglumatyny almaga bildirilýän gyzyklanmanyň sebäplerini düşündirmezden, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýüztutmanyň beýleki görnüşlerinde amala aşyrylyp bilner.

2. Ýüztutmada ýa-da haýyşnamada şular bolmalydyr:

1) ýüz tutýan şahsyň şahsyýetini anyklamak we ýüztutma ýa-da haýyşnama jogap ýollamak üçin ýeterlik bolan maglumatlar;

2) ekologiýa maglumatynyň görnüşi (umumy elýeterli ekologiýa maglumaty ýa-da ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumaty);

3) soralýan ekologiýa maglumatyny tapmak üçin anyk we ýeterlik maglumatlar;

4) soralýan ekologiýa maglumatyny almagyň kabul ederlikli usullary;

5) ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmanyň ýa-da haýyşnamanyň berlen senesi we ýüz tutýan şahsyň goly.

3. Ekologiýa maglumatyny uzak möhletleýin almagyň şertnamasyny baglaşmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalara we haýyşnamalara seretmek

1. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmany ýa-da haýyşnamany alan ekologiýa maglumatyna eýelik ediji ony ýüztutmalar we haýyşnamalar üçin ýörite kitapda hasaba almaga borçludyr.

2. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmany ýa-da haýyşnamany alan ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň ýüz tutýan şahsdan degişli goşmaça maglumatlary sorap almaga hukugy bardyr.

Ýüz tutýan şahs ýüztutmanyň ýa-da haýyşnamanyň doly we dogry kanagatlandyrylmagy üçin ekologiýa maglumatyna eýelik ediji tarapyndan maslahatlaşmaga çagyrylyp bilner.

3. Eger, ýüztutmanyň ýa-da haýyşnamanyň seredilişi, şol sanda çykarylan çözgüt ýa-da berlen resmi jogap ýüz tutýan şahsy kanagatlandyrmaýan bolsa, onda onuň gaýtadan ýüztutma ýa-da haýyşnama bermäge hukugy bardyr.

4. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalara ýa-da haýyşnamalara seredilmegi ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr.

5. Eger, ýüztutma ýa-da haýyşnama şu Kanunyň 12-nji maddasynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, onda ol kabul edilmeýär.

14-nji madda. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalar we haýyşnamalar boýunça çözgütler

1. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalar we haýyşnamalar boýunça çözgütler ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň ýolbaşçysy ýa-da ýörite wezipeli adamy tarapyndan kabul edilýär.

2. Soralýan ekologiýa maglumatyny bermek baradaky çözgüt kabul edilenden soňra, ýüztutmanyň ýa-da haýyşnamanyň hasaba alnan gününden bir aýdan gijä galman ýüz tutýan şahsa resmi jogap berilýär. Eger-de, resmi jogaby taýýarlamaklyk aýratyn ýagdaýlarda bir aýdan artyk dowamly döwri talap edýän bolsa, onda ol kyrk bäş senenama gününe çenli uzaldylyp bilner. Möhletiň uzaldylmagy barada ýüz tutýan şahsa ilkinji bir aý möhletiň tamamlanmagyndan ozal habar edilmelidir.

3. Ýüz tutýan şahsa berilýän resmi jogapda soralýan ekologiýa maglumaty hakynda anyk maglumatlar getirilmelidir we oňa bu maglumaty tassyklaýan resminamalaryň nusgalary goşulmalydyr.

4. Ekologiýa maglumatyna eýelik ediji ekologiýa maglumatyny bermek hakynda kabul eden çözgüdine laýyklykda, ony bermäge bolan mümkinçilik barada ýa-da täjirçilik maksatlary bilen nusgasyny almagyň, satmagyň ýa-da ýaýratmagyň gadagan edilýändigi barada ýüz tutýan şahsa berilýän resmi jogapda görkezmäge borçludyr.

5. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň çözgüdi ýüz tutýan şahs tarapyndan görkezilen ýa-da onuň bilen ylalaşylan usulda ugradylýar.

6. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijide soralýan maglumatyň bolmadyk halatynda, bu barada on bäş senenama gününden gijä galman ýüz tutýan şahsa habar berilmelidir. Şu ýagdaýda haýsy ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň soralýan ekologiýa maglumatynyň çeşmesi bolup durýandygy oňa habar berilmelidir.

7. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmany ýa-da haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek ýüz tutulýan ýeri boýunça ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň çözgüdi görnüşinde resmileşdirilýär, onda ýüz döndermekligiň delillendirilmesi, şeýle hem ýüz tutýan şahsyň ýüztutmasynyň ýa-da haýyşnamasynyň kanagatlandyrylmandygy üçin ýokarda durýan döwlet edaralaryna ýa-da kazyýete ýüz tutmak hukugynyň bardygy görkezilmelidir.

15-nji madda. Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan ekologiýa maglumatyny özara alşylmagy

Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan özlerinde bar bolan ekologiýa maglumatlary öz haýyşnamalary boýunça özara alyşmak arkaly amala aşyrylyp bilner.

16-njy madda. Ekologiýa maglumatynyň ýaýradylmagy

1. Türkmenistanda ekologiýa maglumatynyň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmek bilen erkin amala aşyrylýar.

2. Umumy elýeterli ekologiýa maglumaty ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we beýleki ýuridik hem-de fiziki şahslaryň dykgatyna çap edilýän neşirleriň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, Internet torundaky öz resmi saýtlarynda ýerleşdirmek we sanly ulgamlar arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki umumy elýeter usullar bilen ýetirilip bilner.

17-nji madda. Ekologiýa maglumatynyň tölegliligi

1. Ekologiýa maglumaty ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylara muzdsuz ýa-da ekologiýa maglumatyny gözlemegiň, nusgasyny almagyň we taýýarlamagyň özüne düşýän gymmatyndan ýokary bolmadyk möçberde tölegli berilýär.

2. Ekologiýa maglumatynyň töleginiň tertibi we onuň möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

18-nji madda. Ekologiýa maglumaty babatda halkara hyzmatdaşlygy


Ekologiýa maglumaty babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

19-njy madda. Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

20-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Şu Kanunyň 7-nji maddasy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 14-nji marty.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler