Top.Mail.Ru

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

0
52479
Soňky täzelenme:

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
1. 1998-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., ¹ 2, 39-njy madda; 2003 ý., ¹ 4, 36-njy madda; 2007 ý., ¹ 1, 40-njy madda; 2010 ý., ¹ 3, 63-nji madda; 2012 ý., ¹ 1, 7-nji madda, ¹ 2, 50-nji madda, ¹ 4, 109-njy madda):
2061-njy maddanyň ikinji böleginde:
birinji tesimde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Eýesiz galan gozgalmaýan zat hasaba alnandan bir ýyl geçeninden soň, onuň ýerleşýän ýerindäki emlägi dolandyrmaga ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy şol gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek we ony döwlet eýeçiligine geçirmek hakynda arza bilen kazyýete ýüz tutup biler.».
2. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., 
¹ 1, 8-nji madda; 2013 ý., ¹ 3, 58-nji madda; 2014 ý., ¹ 1, 42-nji madda; 2015 ý., ¹ 4, 
125-nji madda; 2016 ý., ¹ 4, 164-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 14-nji madda, ¹ 4, 167-nji madda; 2018 ý., ¹ 2, 43-nji madda): 
8-nji maddanyň on ikinji böleginde we 80-nji maddanyň ikinji böleginde «maýyplaryň» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly; 
53-nji maddanyň dokuzynjy böleginiň ikinji tesiminde, 102-nji maddanyň birinji böleginde, 153-nji maddanyň üçünji böleginde, 178-nji maddanyň üçünji böleginde, 179-njy maddanyň ikinji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
59-njy maddanyň bäşinji böleginde «maýyplary» diýen sözi «maýyplygy bolan iş kesilenler» diýen sözlere çalşyrmaly;
61-nji maddanyň ikinji böleginde, 69-njy maddanyň üçünji we bäşinji böleklerinde, 72-nji maddanyň dördünji böleginde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly;
67-nji maddanyň bäşinji böleginde «ýerli edaralar» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;
71-nji maddanyň bäşinji böleginde «maýyplara» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlara» diýen sözlere çalşyrmaly;
76-njy maddanyň üçünji böleginde, 79-njy we 81-nji maddalaryň ikinji böleklerinde, 90-njy maddanyň altynjy böleginde, 112-nji maddanyň dördünji böleginde «maýyplar» diýen sözi «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
85-nji maddada:
birinji bölekde «maýyp» diýen sözi «maýyplygy bolan» diýen sözlere çalşyrmaly; 
ikinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
98-nji maddanyň ikinji böleginde «ýerli häkimiýet we öz-özüňi» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi» diýen sözlere çalşyrmaly;
177-nji maddada:
birinji bölekde «ýerli häkimiýet we öz-özüňi» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi» diýen sözlere çalşyrmaly; 
üçünji bölekde «maýyplar» diýen birinji sözi «maýyplygy bolan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly we «maýyplar we garrylar öýlerine» diýen sözleri «gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlaryna» diýen sözlere çalşyrmaly. 
3. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., ¹ 1, 3-nji madda; 2015 ý., ¹ 4, 128-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 31-nji madda; 2018 ý., ¹ 3-4, 109-njy madda):
2-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde, 119-njy maddanyň üçünji böleginde, 120-nji maddanyň ikinji böleginde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly; 
3-nji maddanyň üçünji böleginde, 7-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde, 19-njy maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 20-nji maddanyň mazmunynda, 22-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 66-njy maddanyň birinji böleginde, 67-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji we ikinji tesimlerinde we üçünji böleginde, 73-nji maddanyň üçünji böleginde, 83-nji we 102-nji maddalaryň ikinji böleklerinde, 110-njy maddanyň mazmunynda, 111-nji maddanyň birinji böleginde, 121-nji maddanyň mazmunynda we 126-njy maddanyň üçünji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
15-nji maddada: 
birinji bölegiň 2-nji bendinde:
«a» kiçi bentde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly,
«b» kiçi bentde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
üçünji we dördünji böleklerde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
16-njy maddada:
birinji bölekde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölekde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
61-nji maddanyň mazmunynda «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly we «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
72-nji maddada:
birinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly we «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
ikinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., 
¹ 3, 29-njy madda; 2016 ý., ¹ 1, 66-njy madda) 3-nji maddasynda:
ikinji tesimde:
«ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly,
«we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly; 
üçünji tesimde «ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly; 
bäşinji tesimde «ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly we «hem-de dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly. 
5. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., ¹ 4, 135-nji madda; 2015 ý., 
¹ 1, 22-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 61-nji madda, ¹ 3, 117-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 31-nji madda; 2018 ý., ¹ 2, 38-nji madda) 77-nji maddasynyň üçünji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly. 
6. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., ¹1, 9-njy madda): 
6-njy maddanyň 5-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly; 
7-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «Ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly; 
9-njy we 10-njy maddalaryň birinji böleklerinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli ådaralary» diýen sözlere çalşyrmaly. 
7. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., ¹ 1, 50-nji madda; 2018 ý., ¹ 3-4, 93-nji madda) 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde «bir» diýen sözi «nämedir bir» diýen sözlere çalşyrmaly. 
8. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., ¹1, 53-nji madda) 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 10-njy bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly. 
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.
(Türkmenistan gazeti 13.03.2019 ý.)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler