Arhiw

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

0
18775
Soňky täzelenme:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda magistratura kabul edýändigini yglan edýär:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet, menejment).
Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary  (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 
 tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
 Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 13, 14-ine geçirilýär. 
Söhbetdeşlikler aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
— ykdysadyýet taýýarlyk ugry boýunça — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;
— menejment taýýarlyk ugry boýunça — ykdysady nazaryýet, menejment.
Dersler boýunça söhbetdeşlik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça söhbetdeşlikden geçip bilmedikler ondan soňky söhbetdeşlige goýberilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesi, 73; tel.: 48-62-71, 48-62-76.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler