Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy gaz ýyladyjylaryny hem-de ýyladyş gurnamalaryny öndürýär.
Gaz ýyladyjylary gurşawlary we suwlary ýylatmak maksatlary üçin ulanylýar. «Nebitmaş» DK uzynlygy 1750-den 2850 mm, ini 900-den 1800 mm hem-de beýikligi 1050-den 1920 mm çenli dürli hili ýyladyjylary hödürleýär. Olarda basyşyň derejesi 40 Pa barabar, çykýan gazlaryň temperaturasy 110-a çenli, suwuňky bolsa — 45 gradus Selsä çenlidir.
Kärhananyň nebitgaz, elektrik energiýasy pudagynyň, şeýle-de halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň zerurlyklary üçin öndürýän önümleri bilen şu salgylar arkaly tanşyp we habarlaşyp bilersiňiz:Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.
Faks: (+993 12) 76 02 25.
Şeýle-de okaň: