Türkmenistanda
1. Aşgabatda geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň sekizisine gol çekildi. Serdar Berdimuhamedow we Wiktor Orban ikiçäk duşuşykda we hökümet wekilleriniň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar energetika, ulag, farmasewtika, dokma senagaty, maýa goýum, oba we suw hojalygy ýaly geljegi uly ugurlara aýratyn üns berdiler.
2. Türkmenistanda bürünç asyry döwrüne degişli Goňurdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Rus-türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň tagallasy bilen täze tapyndylar ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Margiananyň gadymy ýaşaýjylarynyň adam jaýlamak dessurlary barada has giň maglumatlar alyndy. Şeýle-de ilkinji gezek mis magdanynyň nusgalary tapyldy, çünki ozal diňe dürli garyndyly bürünç önümler duş gelýärdi.
3. «Belawia» 19-njy awgustdan başlap, Türkmenbaşa uçuşlaryň ýygylygyny hepdede bir gezekden ikigezege çenli artdyrar. Minskden uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Uçuşlar Braziliýanyň "Embraer E195" uçarlarynda amala aşyrylar. Uçar 125 ýolagça niýetlenendir. Uçuş dört sagatdan gowrak wagt dowam eder.
4. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 15-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda saýlama sowal-jogap bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşigiň sowallary Koreýa bilen baglanyşykly bolar. Bäsleşigiň ýeňijisi şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýada geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
5. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýylda geçirilýän «Talyp joşguny» döredijilik festiwaly şowhunly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. Bu ýylda festiwala Türkmenistanyň 24 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Festiwal birnäçe tapgyrda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar edebi-sazly kompozisiýalary taýýarladylar, çeper okaýyşlary, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalary, şeýle hem tansly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
6. Aşgabatdan Awaza ýolagçy awtobuslarynyň petekleri auh.com.tm saýtynda onlaýn satuwa çykaryldy. Bir tarapa petegiň bahasy – 100 manat. Şeýle-de petekleri Aşgabadyň Halkara awtomenziliniň kassalarynda satyn almak mümkindir. Ozal awtobuslaryň täze ugur boýunça 11-nji iýundan başlap, her hepdede hereket etjekdikleri habar berlipdi. Awtobuslar Halkara awtomenzilden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna sagat 06:00-da, yzyna bolsa 13:00-da hereket eder.
Dünýäde
7. Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidentiniň we Respublikada döwlet saparynda bolýan Kataryň emiriniň gatnaşmaklarynda Merkezi Aziýadaky iň iri metjit açyldy. Metjitde birbada 133 000 adam namaz okap bilýär, şolaryň 43 000 sanysy metjidiň içinde, galanlary bolsa onuň daş-töwereginde ýerleşip bilýär.
8. Üç sany iri dagdaky dynç alyş merkezleriniň – Özbegistanyň «Amirsoý», Russiýanyň «Roza Hutor» we Gazagystanyň «Şymbulak» dynç alyş merkezleriniň Dagdaky dynç alyş merkezleriniň Ýewrziýa birleşigini döretdiler. Ähtnama gol çekmek dabarsy GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna bagyşlanan «Ýewraziýa – biziň öýümiz» sergisiniň çäklerinde geçirildi. Birleşik Ýewraziýa giňişliginde içki syýahatçylygy ilerletmäge, bilelikde dag syýahatçylygyny ösdürmäge, iň gowy tejribeleri
alyşmaga we dagdaky dynç alyş merkezleriniň abraýyny berkitmäge mümkinçilik berer.
Sport habarlary
9. Türkmen tennisçileri şu ýylyň sentýabr aýynda Astanada geçiriljek 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda Aziýanyň toparlaýyn çempionatynda çykyş ederler. Türkmenistanyň ýetginjekler topary bu hukuga Aşgabatda tamamlan Merkezi Aziýanyň birinjiliginde ilkinji gezek ikinji orna mynasyp bolmak bilen eýe boldular. Bäş günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesindäki tennis meýdançalarynda Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan 12 ýaşa ýetmedik oganlar we gyzlar medallar hem-de sebitleýin birinjilige gatnaşmak ugrunda özara bäsleşdiler.
10. Şu gün agşam futbol boýunça Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler, Stambuldaky Atatürk stadionynda «Mançester Siti» «Inter» bilen duşuşar. Finalçylaryň arasynda «Mançester Siti» has güýçli görünýär. Bu möwsümde topar Hose Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionatyny we Angliýanyň Kubogyny eýeledi. Toparyň baýraklarynyň hatarynda diňe Çempionlar ligasynyň kubogy ýetenok. Muňa garamazdan, «Inter» finalda öz güýjüni görkezip biler. Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny «Matç TW» göni ýaýlymda görkezer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:55-da başlanar.