Turkmenportal logo
09.06.23
6084460844
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belavia» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrar
«Belavia» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrar

Awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Belavia» Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny awgust aýyndan hepdede birden iki esse artdyrar.


Habarda «19-njy awgustdan 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistana şenbe günleri hem uçuşlar amala aşyrylar» diýilýär.


Netijede, Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar.


  • Şenbe güni uçarlar sagat 20:00-da Minskden göge galyp, Türkmenbaşy şäherine ýekşenbe güni sagat 02:10-da gonar.
  • Yzyna gaýdyp gelýän uçuş ýekşenbe güni sagat 03:10-da ugrar we 05:30-da Minsk şäherine gonar.

Meýilnamada ýerli wagt görkezilýär. Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagt tapawudy 2 sagatdyr.


Uçuşlar Braziliýanyň «Embraer E195» uçarynda amala aşyrylýar. Uçar 125 adama niýetlenendir (biznes synpynda 9 oturgyç we ekenom synpynda 116 oturgyç). Uçuş dört sagatdan gowrak dowam edýär.


Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn petekleri Aşgabatdaky «Belavia»-nyň aşakdaky salgysyndaky ofisinden alyp bolar: 2028 köç (A. Gowşudowa), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke bazary», «Ak Deňiz» binasy, 2-nji gat)


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409. «Belavia»-nyň uçuşlary üçin petekleri onlaýn görnüşinde www.belavia.by saýtyndan alyp bilersiňiz.