Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi, Serdar Berdimuhamedow patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy, «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrdy we beýleki habarlar

11:0408.05.2023
1
31607

Türkmenistanda

1. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, uruş weteranlaryna we söweşlerde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sylaglary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Weteranlara tüýs ýürkden ýyly sözler aýdyldy. Çykyş edenler olara edermenligi, tylda çeken gahrymançylykly zähmetleri we ýaş nesli terbiýelemekde bitiren gaýratly işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde geçirilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Westminster ybadathanasynda geçirilen dabara 203 ýurtdan 2300 adam, şol sanda 100 töweregi döwlet baştutany çagyryldy. Karl III tagty 2022-nji ýylyň güýzünde aradan çykan ejesi Ýelizaweta II-den miras aldy.

3. 6-njy maýdan başlap, «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny hepdede dört gezege çenli artdyrdy. Uçuşlar duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Ozal şenbe güni howa gatnawy amala aşyrylmaýardyr. Petekleri emirlikleriň awiakompaniýasynyň resmi saýtynda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

4. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet Baştutanlary ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş güni bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da şol ýowuz ýyllarda Ýeňiş gazanmak ugrunda söweş meýdanlarynda ýurdy goranlara hem-de tylda janyny aýaman zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyranlara sarpa goýulýandygy bellenildi.

5. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Nury Halmamedowyň hatyrasyna, onuň 85 ýaş ýubileýi mynasybetli döredijilik konserti geçirildi. Diňleýjilere sazandanyň ömri we döredijiligi barada dokumental film görkezildi; Moskwa döwlet konserwatoriýasyndaky talyplyk ýyllary hem-de gymmatly we özboluşly eserlerini döretmek prosesi bilen tanyşdyryldy.

Dünýäde

6. MTV Movie & TV Awards baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi. «Gykylyk 6» iň gowy film baýragyna mynasyp boldy, «Biziň birimiz» iň gowy serial diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, «Top Gan: Mewerik» filmindäki keşbi üçin Tom Kruza we «Wensdeý» serialyndaky keşbi üçin Jenna Ortega degişlilikde, «Filmdäki iň gowy keşp» we «TW-däki iň gowy keşp» diýen atlar gowşuryldy.

7. 14-nji maýda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Stambulda geçirilen iň uly çykyşyna 1,7 milliona golaý adam gatnaşdy. Ýurduň liderini goldamak boýunça çäre ozalky Atatürk adyndaky Halkara howa menziliniň çägindäki Milli seýilgähde geçirildi. 14-nji maýda geçiriljek saýlawlara Respublikanyň 64 million raýaty gatnaşyp biler. Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin, azyndan, sesleriň 50%-ni we goşmaça ýene bir ses almak gerekdir.

Sport habarlary

8. Daşkende erkekleriň arasynda boks boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Iki türkmen boksçy dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdy. 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Baýramdurdy Nurmuhammedow eminleriň netijesi esasynda Mawrikiýanyň wekili Merwen Klerden üstün çykdy. Türkmenistanly boksçy indiki tapgyrda Russiýanyň wekili Igor Swiridçenkow bilen duşuşar. 67 kilograma çenli agram derejesinde Saparmyrat Ödäýew şwed boksçy Adel Belaliýany möheltinden öň ýeňmegi baraşdy. Türkmen boksçy indiki tapgyrda wenesuelaly Kristian Palasio bilen duşuşar. Bäsleşik 14-nji maýda tamamlanar, onuň baýrak gaznasy 5,2 million dollara deňdir.

9. «Kitçi» Gonkongyň çempionatynyň soňky tapgyrynda «Li Man Uorriors» bilen deňme-deň oýnady we ýurduň çempiony boldy. Toparyň düzüminde türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow hem çempion diýen ada eýe boldy. Häzirki möwsüm onuň üçin üstünlikli boldy: futbolçy çempionatyň 18 duşuşygynda 17 pökgi geçirdi. 31 ýaşly Ruslan Mingazow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wasiliý Karpowyň okuwçysydyr we geçmişde Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tanymal oýunçysy Kamil Mingazowyň ogludyr.

10. Aşgabadyň «Agama» alpinizm klubynyň agzasy Alekper Ahmedow Elbrus dagynyň deňiz derejesinden 3500 metr belentlikde ýerleşýän «Mir» stansiýasyna çykdy. Prielbrusýede Sportuň ekstremal dag görnüşleriniň Halkara festiwaly geçirilýär. Festiwalyň maksatnamasy birnäçe çykyşlary öz içine alýar. Şolaryň biri-de türkmen alpinistiniň hem hötdesinden gelen «dik kilometr» çäresidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň