Türkmen boksçylarynyň ikisi dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy

23:3406.05.2023
1
69960

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynda iki türkmen boksçysy ringe çykdy. Olaryň ikisi hem garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň çärýek finalyna çykmagy başardylar. Has takygy, ýarymorta agram derejesinde Türkmenistana wekilçilik edýän Saparmyrat Ödäýew özüniň ýaryşdaky ilkinji tutluşygynda şwesiýaly Amin Adel Belaliadan eminleriň gelen netijelerine görä, 4:0 hasabynda üstün çykdy. Saparmyrat Ödäýewiň çärýek finaldaky garşydaşy Wenesuela wekilçilik edýän Kristian Palasio bolar. Ödäýew bilen Palasionyň arasyndaky tutluşyk 9-njy maýda geçiriler.

Birinji orta agramda çykyş edýän Baýramdurdy Nurmuhammedow bolsa özüniň turnirdäki ikinji söweşinde eminleriň gelen netijesi esasynda (4:1) mawritaniýaly Merwen Kleri ýeňdi. Indi Baýramdurdy Nurmuhammedow ýaryşyň çärýek finalynda russiýaly türgen Igor Swiridçenkow bilen güýç synanyşar. Olaryň arasyndaky çärýek final tutluşygy 9-njy maýda bolup geçer.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynyň baýrak gaznasy 5,2 million amerikan dollaryna barabardyr. Turnirde altyn medalyň eýeleri 200 müň, kümüş medalyň eýeleri 100 müň we bürünç medalyň eýeleri 50 müň amerikan dollary möçberde pul sylagyny alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň