Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ulag we logistika pudaklary boýunça halkara forum geçiriler, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy, FIFA-nyň ýolbaşçysy ilkinji gezek Türkmenistana geler we beýleki habarlar

10:3703.05.2023
0
32091

Türkmenistanda

1. Şu gün Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly ikinji halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutany bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

2. Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyna bagyşlanan we Türkmenistanda ilçihananyň açylmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli fotosurat sergisi açyldy.

3. Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda sapak berdi. Sapagyň dowamynda hünärmen Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde halkara we sebit derejesinde gazanan üstünliklerine aýratyn üns berdi. Mundan başga-da, Runow talyplar bilen «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny we mümkinçilikleri barada pikir alyşdy. Igor Runow sapagy tamamlandan soň, institutdaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezleri bilen tanyşdy.

4. 31-nji maýda Türkmenistanda ýaş telekeçiler we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat – üstünligiň açary» atly festiwal geçiriler. Festiwalyň maksady ýaş hünärmenleri ýurduň durmuş, ykdysady we medeni durmuşyna çekmek, şeýle hem iň oňat başlangyçlary we özboluşly çözgütleri saýlamak.

5. Gazagystanyň halkynyň agzybirlik güni mynasybetli Almaty şäherindäki Abaý meýdançasynda geçirilen festiwalyň çäklerinde guralan medeniýet sergisinde Türkmenistanyň diwarlygy ýerleşdirildi. Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen haly önümleri, milli lybaslar, milli el keşdeleri, şaý-sepler, saz gurallary, Türkmenistan barada reňkli suratlar we başga-da köp dürli önümler görkezildi. Almaty şäheriniň akimi Ýerbolat Dosaýewiň türkmen pawilýony bilen tanşyp, oňa ýokary baha berdi.

6. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu Janni Infantinonyň Halkara futbol federasiýasynyň başlygy hökmünde Aşgabada ilkinji sapary bolar. Bir günlük saparyň dowamynda FIFA-nyň başlygy ýurduň ýolbaşçylary we milli federasiýa bilen Türkmenistanda futboluň ösüşi hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşar.

Dünýäde

7. Russiýaly modelýer Walentin Ýudaşkin 59 ýaşynda aradan çykdy. «Ajaýyp modelýer, dünýä modasynyň ykrar edilen ussady. Onuň eşiklerini şou-biznes, teatr we kino ýyldyzlary geýýärdi, görkezişleri bolsa hemişe uly ünsi özüne çekýärdi» diýlip, «Perwyý kanal» teleýaýlymynyň habarynda bellenilýär. 2016-njy ýylda Walentin Ýudaşkine böwregiň rak keseli diagnozy goýlupdy.

8. Amerikan rok topary «Aerosmith» şu ýylyň sentýabrynda hoşlaşyk syýahat konsertlerini geçirer. Gitaraçy Jo Perriniň bellemegine görä, bu syýahat konsertleri toparyň esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny bellemekdir. «Peace Out» syýahat konserti 2-nji sentýabrda Filadelfiýada başlar we indiki ýylyň ýanwarynda Kanadanyň Monreal şäherinde tamamlanar.

Sport habarlary

9. Türkmenistanly Hursand Imankuliýew belarusly Dmitriý Deşkewiçden üstün çykyp, birinji ýarymorta agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalyna çykdy. Imankuliýew eminleriň netijesi bilen ýeňiş gazandy. Indiki tapgyrda türkmen boksçysy Kongonyň wekili bilen duşuşar. Ýatlatsak, ýaryş Daşkende geçirilýär. Bäsleşiklere 104 ýurtdan 640-dan gowrak türgen, şol sanda ýedi sany dünýä çempiony gatnaşýar.

10. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň täze düzüminiň we wise-prezidentleriň saýlawlary Duşanbe CAFA-nyň 8-nji kongresinde geçirildi. Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustami Emomali täze dört ýyllyk möhlet bilen CAFA-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň