Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda festiwal geçiriler

00:1302.05.2023
0
35633

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat- üstünligiň açarydyr» atly festiwaly geçiriler.

Festiwalyň esasy maksady — ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek hem-de dalaşgärleriň iň gowy başlangyçlaryny saýlap almak, dalaşgärleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmak, iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek, Türkmenistanyň çäginde mahabat kampaniýalaryny geçirmek wezipelerinden ybaratdyr.

Bäsleşigiň esasy şertleri — jemgyýetiň bähbidine jogap berýän ýokary hilli mahabat roligini ýa-da başga bir mahabat önümini ýazmak, onuň bilen KHBS-niň wekillerini, türkmen MT pudagynyň hünärmenlerini çekmekdir.

Festiwalyň çäklerinde şu aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşikler yglan ediler:

Durmuş mahabat bäsleşigi boýunça:

  • Teleýaýlymda mahabat Radioýaýlymda mahabat
  • Grafiki (çap) mahabat
  • Adaty däl mahabat
  • Internet mahabaty
  • Mahabat suraty
  • Haryt we hyzmat mahabat bäsleşigi boýunça:
  • Teleýaýlymda mahabat
  • Radioýaýlymda mahabat
  • Grafiki (çap) mahabat
  • Adaty däl mahabat
  • Internet mahabaty
  • Mahabat suraty

Ýörite bäsleşik boýunça Festiwaly guramaga we geçirmäge gatnaşýan ýaşlary goldaýan ýuridik we fiziki şahslar hem-de hemaýatkärler tarapyndan ýurdumyzda ýaýbaňlanan ýaşlar syýasaty boýunça ýörite bäsleşik yglan edilip bilner.

Festiwala gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli ýüz tutmany doldurmaly, şeýle hem döwlet tarapyndan hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany, hukuk resminamalaryny tabşyrmaly, fiziki şahslar üçin pasport gerekdir. Hödürlenýän işler türkmen dilinde bolmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99312 44 84 95

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň