«Türkmen jemgyýetçilik we medeni merkezi» etniki medeni birleşiginiň we Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Gazagystanyň halkynyň agzybirlik güni mynasybetli Almaty şäherinde geçirilen medeniýet sergisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Sergi-ýarmarkasynyň çäginde her ýurt öz milli stendini gurady. Milli ruhda bezelen Türkmenistanyň pawilýonynda myhmanlar ýurduň medeni däp-dessurlary, hususan-da, türkmen haly önümleri, milli lybaslar, türkmen gelin-gyzlarynyň el keşdeleri, şaý-sepler, saz gurallary görkezilişe çykaryldy.
Sergä milli eşikli türkmen talyplary hem goşuldylar. Olar sergä gelenlere milli däp-dessurlar, milli lybaslaryň aýratynlyklary barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Etnik serginiň hormatly myhmanlaryndan biri Almaty şäheriniň häkimi Ýerbolat Dosaýew türkmen pawilýonyna baryp gördi we görkezilişe çykarylan türkmen milli gymmatlyklaryna ýokary baha berdi.
Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň halkynyň agzybirlik güni ýurtda köpçülikleýin baýramçylyk bolup, 1996-njy ýyldan bäri her ýyl bellenilip geçilýär. Bu baýram milli jebisligi, dostlugy hem-de milletara raýdaşlygy alamatlandyrýar.
Maglumat üçin, häzirki wagtda Gazagystanda 124 milletiň wekilleri ýaşaýar.