Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň wise-prezidentiligine saýlanyldy

19:3602.05.2023
0
40732

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň wise-prezidentligine saýlanyldy. Guramanyň Ýerine ýetiriji komtitetiniň düzümi we wise-prezidentligine saýlawlar şu gün Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA-nyň 8-nj kongressiniň çäklerinde geçirildi.

CAFA-nyň ikinji wise-prezidentiniň wezipesine Owganystanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Muhammad Ýusuf Korgar saýlanyldy.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali bolsa ýakyn dörtýyllyk möhlet üçin CAFA-nyň prezidentligine saýlanyldy.

Eýranyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Hedaýat Mombeni CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze düzümine girdi, şeýle-de Gyrgyzystanyň Futbol bileleşiginiň wise-prezidenti Dastanbek Konokbaýew Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki agzalygyna saýlanyldy.

CAFA-nyň Duşanbe şäherinde geçirilen Kongressine FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino, AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Falifa, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň futbol federasiýalarynyň wekiliýetleri, şeýle-de FIFA-nyň we AFK-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, ol AFK-nyň bäş zolagynyň biridir. CAFA özüne alty ýurduň: Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň futbol federasiýalaryny birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň