Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katara geldi, Türkmenistanda RF-niň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminamalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy, pagta ekişiniň başlanmagy, ýazky dynç alyş döwri we beýleki habarlar

10:4820.03.2023
3
32420

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Katara geldi. Doha şäherindäki «Hamad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde medeniýet we sungat ugurlary boýunça bilim almak boýunça seçip almak işleri üçin resminamalary tabşyrmagyň möhletiniň 25-nji marta çenli uzaldylýandygyny habar berdi. Resminamalaryň kabul edişligi Aşgabatda Türkmen döwlet medeni institutynyň kabul ediş topary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda gowaça ekişine girişmegi tabşyrdy.

4. Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýazky bag ekmek mösüminde Türkmenistan boýunça dürli bag nahallarynyň we üzümiň 1,5 million düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär.

5. 21-nji martda bütin dünýäde bellenilýän Halkara Nowruz güni Türkmenistanda baýramçylyk dabaralary bilen garşy alnar. Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» etrabynda geçiriljek esasy baýramçylyk dabarasyna daşary ýurtly myhmanlaryň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

6. Türkmen mekdeplerinde üçünji çärýek tamamlandy. Çagalar eýýäm dynç alşa çykdylar. Bu ýyl dynç alyş 20-nji martdan 28-nji marta çenli aralykda 9 gün dowam eder. Türkmenistanda okuw ýyly 4 okuw döwrüne bölünýär. Dördünji çärýek 25-nji maýa çenli dowam eder.

7. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligi ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat bermek üçin noutbuk kompýuterlerini satyn alar.

2022-nji ýylda Türkmenistanda 1-nji synp okuwçylara ýurduň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan 159 müň 772 kompýuter sowgat berlipdi.

Dünýäde

8. GDA ýurtlarynyň iş berijileri we işgärleri Arkalaşygyň bitewi zähmet bazarynyň sanawyna giriziler. Bu barada her ýyl Sankt-Peterburgda geçirilýän zähmet forumynyň dowamynda bellenildi. Zähmet migrasiýasy ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri forumyň güntertibini düzdi. Şeýle sanawyň döredilmegi potensial işgärlere we iş berijilere GDA-nyň zähmet bazaryndaky ýagdaý barada has köp maglumat almaga hem-de iş ýerlerini we iş ýerlerine dalaşgärleri gözlemäge mümkinçilik berer.

Sport habarlary

9. Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Ýewropa Kubogynyň ilkinji gününde altyn medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby bu üstünligi 66 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

10. Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň duşuşygynda «Barselona» ​​ «Realdan» ynamly üstün çykdy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. «Barselona» ýeňşi Frank Kessýeniň 92-nji minutda derwezä girizen pökgüsi getirdi. Türkmenistanda bu duşuşyk «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. «Barselona» 68 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynyň sanawynda birinji orny eýeleýär we ikinji orundaky «Realdan» 12 utuk öňde barýar.

11. Gazagystanly zenan tennisçi Ýelena Rybakina karýerasynda ilkinji gezek «Indian-Wells» çempionatynyň ýeňijisi boldy. Rybakina çempionatyň jemleýji oýnunda Belarusyň wekili Arina Sobolenkony 7:6, 6:4 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş netijesinde Gazagystanyň birinji raketkasy Zenan tennis birleşiginiň reýtinginde ýedinji orna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň