Geljek hepdede Türkmenistanda gowaça ekişine başlanar

21:5017.03.2023
0
25361

Şu gün saly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow welaýatlarda oba hojalyk işleriň alnyp barlyşy hem-de gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möhletlerde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehniklary we gurallary doly taýýarlanyldy. Gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde Türkmenistan boýunça jemi 1800 sany gowaça ekijilerini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň