Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi, Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Hytaý Täze ýyly mynasybetli gutlady

11:1523.01.2023
0
41320

1. Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky karar kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirmek degişlidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli gutlag telegrammasyny iberdi. «Bu baýram Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramy bolmak bilen, tebigatyň janlanmagyny, täze başlangyçlary we mümkinçilikleri alamatlandyrýar. Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan bu baýram hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär, maşgala agzybirligine, asuda we sazlaşykly ýaşaýşa ýardam berýär. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris» – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda çap edilen gutlagynda bellenilýär.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi. Gazagystanyň 82 ýaşly ozalky Prezidenti Nursultan Nazarbaýew geçen hepdede ýüregine operasiýa geçirdi. Ol Astananyň Milli ylmy kardiohirurgiýa merkezinde geçirildi.

4. Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny 9-njy fewralda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda sagat 19:00-da geçiriljek sazly «Tur de Frans» konsertine çagyrýar.

5. «Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň fewral aýynyň ortalaryndan başlap, Hytaýa uçuşlary dikelder – awiakompaniýa hepdede iki gezek Stambuldan Guançjoua, Şanhaýa we Pekine uçuş amala aşyrar.

6. Ermenistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz on ýurduň sanawyna goşuldy. Ýurt sanawda ýedinji orny eýeledi, onda Katar, BAE we Taýwan ýaly ýurtlar öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýurtlaryň howpsuzlygy boýunça sanawda dürli görkezijiler göz öňünde tutulýar, ilkinji nobatda bolsa jenaýatçylygyň derejesi we gorkmazdan syýahat etme mümkinçiligi.

7. Gonkongyň «Kitçi» toparynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow toparyň düzüminde ilkinji baýragyny gazandy. «Kitçi» 11 metrlik penalti tapgyrynda «Istern» toparyndan üstün çykyp, «Gonkong Senýor Şild 2022/23» baýragynyň eýesi boldy. Bu oýunda Mingazow esasy düzümde oýnady we duşuşygyň tutuş dowamynda meýdançada boldy. «Kitçi» bu baýragy sekizinji gezek eýeledi.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew sosial ulgamlardaky sahypasynda düzüminde alty gezek Naýbaşy liganyň çempiony bolan topary – Aşgabadyň «Altyn asyry» bilen hoşlaşdy. «topara siziň bilen geçiren ýatdan çykmajak 7 ýylym üçin ullakan sagbolsun aýdýaryn. Men karýeramda täze mümkinçilikler üçin «Altyn asyrdan» gidýärin. <…> Size janköýerlik ederin» – diýip, 29 ýaşly futbolçy belledi, emma karýerasyny nirede dowam etdirjekdigini anyk aýtmady. Ýatlatsak, Altymyrat Annadurdyýew Aşgabadyň toparyna 2016-njy ýylyň ýanwarynda professional derejede öňe çykan topary «Ahaldan» geçipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň