Turkmenportal logo
21.01.23
2921029210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nazarbaýewiň ýüregine operasiýa edildi
Surat: centralasia.media

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýüregine operasiýany başdan geçirdi diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.


Bu barada ýurduň öňki Lideriniň metbugat kätibi Aýdos Ukibaý sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy. Ol operasiýanyň üstünlikli geçendigini, Nazarbaýewiň janyna howp abanmaýandygyny habar berdi. Häzir öňki Prezidentiň ýagdaýyna lukmanlar gözegçilik edýärler.


Nazarbaýewiň ýüregine Milli ylmy kardiohirurgiýa merkezinde tanymal kardiohirurg Ýuriý Pýanyň ýolbaşçylygynda operasiýa edildi. Lukman näsagyň golaý wagtda öýüne goýberiljekdigini habar berdi.


Geçen ýylyň iýulynda Nursultan Nazarbaýew 82 ýaşady.