«Çamsan Parkelam» pol örtüklerini örtmegiň tapawutly aýratynlyklary

09:2329.10.2022
0
23584

Türkmenistanyň gurluşyk materiallaryny alyjylara ýetirýän dükanlarynda — laminat, parket, linoleum, ýumşak haly örtügi we beýleki dürli görnüşli pol örtükleri hödürlenýär.

Häzirki zaman pol örtügi hökmünde olaryň hatarynda laminadyň we parkediň iň tapawutly özboluşlylyklaryna eýe bolan parkelam has amatlysydyr.

Parkelam ýokary derejede berk bolup, suwa-çyga çydamly we uzak möhlete hyzmat edýär. Ol «ýyly pol» ulgamy bilen hem sazlaşykly utgaşýandyr. Öýde goýlup bilinjek agyr agramly zatlar, tigirçekli has uly göwrümli mebeller-de bu örtüge agramyny salmaýar. Olary arassalamagam örän ýeňil bolup, parkelamy diňe çyg süpürgiç bilen süpürmek ýeterlikdir.

Türkmenistanyň çäginde şeýle döwrebap pol örtükleriniň dürli hili giň görnüşlerini Türkiýäniň «Çamsan Parkelam» haryt nyşanly öndürijisiniň resmi paýlaýjysy ýetirýär.

«Çamsan Parkelam» haryt nyşanly önümleriniň satuwynda olary saýlap almakda maslahat bermek hem-de olary gurşawa örtmek işleri tölegsiz ýerine ýetirilýär. Bu pol örtükleri şäher şertlerindäki öýler üçinem, ýer jaýlary we ofis gurşawlary üçin-de örän göwnejaýdyr.

Parkelam hiç hili sintetiki element goşulmazdan tebigy gaty agaç materialyndan (erik, arça, sosna) ýasalýar. Bu ekologiýa taýdan arassa önüm bolany üçin, ony çagalar otaglaryna gurnamak hem ygtybarlydyr.

Parkelamyň ekologiýa taýdan ýokary görkezijä eýe bolmagy onuň halkara ülňülerine laýyk gelýändigi, şeýle hem saglyk üçin zyýansyzlygyny görkezýän FSC şahadatnamalary we daşky gurşawy goramak maksatly EPLF şahadatnamalary bilen tassyklanýar.

Parkelamyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almak üçin we öýüňize laýyk gelýän ýerlikli parkelam saýlamakda Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň arka tarapyndaky 4 gatly awtoduralganyň 0-njy gatyndaky «Çamsan Parkelam» dükanyna baryp söwda edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91.

Elektron poçtasynyň salgysy: kurban.1970@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň