«Çamsan Parkelamyň» söwda dükanlary Türkmenistanyň üç sany iri şäherinde hereket edýär

15:0728.09.2022
0
20989

Türkiýäniň «Çamsan Parkelam» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dükanlary Aşgabat, Türkmenabat hem-de Mary şäherlerinde hereket edýär.

Türk haryt nyşanynyň dükanlarynda bu şäherleriň ýaşaýjylaryna laminat bilen parket ýaly pol örtüklerine çalymdaş, özboluşly parkelam pol örtügi hödürlenýär.

Parkelam zyýanly himiki serişdeleri ulanmazdan tebigy agaç gyrkymlaryndan ýasalýar. Ulanyşda çydamly, berk hem-de ýokary temperatura we çyglylyga durnukly bolan bu materiallar öýler üçin, şeýle hem ofislerde ulanmak babatda amatlydyr.

1-nji noýabra çenli «Çamsan Parkelam» kompaniýasynyň Türkmenistandaky dükanlarynda alyjylara harytlar 3%-den 5%-e çenli arzan bahalardan ýetirilýär. Mundan başga-da, 50 inedördül metr önüm satyn alan müşderilere haryt tölegsiz eltilip berilýär we 0,3 millimetr ölçegde kapron örtügi üpjün edilýär.

«Çamsan Parkelamyň» Türkmenistandaky dükanlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň arka tarapyndaky awtoduralganyň 0-njy gatyndaky 60-njy dükan. Telefon belgileri: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (2127), 41-nji jaý («Säher» binasy). Telefon belgileri: (+993 63) 72 62 74;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Zelili köçesi, «Gurluşykçy» dükany. Telefon belgileri: (+993 65) 95 43 43, (+993 62) 95 43 43;
  • Mary welaýaty, Mary ş., Aýtakow köçesi (Kalinin), «Artiklar Gurluşyk» dükany. Telefon belgileri: (+993 62) 34 43 15.

Elektron poçtasynyň salgysy: kurban.1970@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň