Soňky habarlar

Arhiw

«Çamsan Parkelam» kärhanasynyň Türkmenistandaky wekili ofisler üçin durnukly pol örtügini müşderilere ýetirýär

09:1720.09.2022
0
23436

Ofisleriň pol örtügi islendik ýagdaýda fiziki bökdençliklere durnukly, uzak möhlete hyzmat edýän we daşky görnüşi babatda göze gelüwli bolmalydyr. Edil şu hili parkelamlaryň dürli görnüşlerini bolsa Türkiýäniň meşhur önümçilik kärhanasy bolan «Çamsan Parkelamyň» Türkmenistandaky wekili müşderileriň dykgatyna hödürleýär.

Parket bilen laminatyň aralygyndaky, şolara çalymdaş özboluşly görnüşdäki bu häzirki zaman önüm tebigy gaty agaçdan öndürilýär. Parkelam ekologiýa taýdan arassa we saglyga howpsuz önüm bolup, ol öndürilende-de sintetik elementler ulanylmaýar.

«Çamsan Parkelam» önümleriniň tapawutly aýratynlyklary hökmünde olaryň dürli zyýanlara hem-de çyglylyga durnuklylygyny bellemek bolar. Parkelamda aýakgabyň we mebeliň kiçi sypçyryklary hiç hili galmaýar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda asylky, ýagny ilkibaşdaky durkuny saklap bilýär.

Parkelama tozan siňen ýagdaýynda, hapalananda ýa-da kir ýokan mahalynda ony ýeňil arassalap bolýar. Onuň ýokary gyzgynlyga çydamlylygy bolsa pol örtüginiň astyndan ýyladyş ulgamlaryny çekmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda 1-nji noýabra çenli «Çamsan Parkelam» önümlerine 3%-den 5%-e çenli arzanladyş dowam edýär. Mundan başga-da, 50 inedördül metr önüm satyn alan müşderilere haryt tölegsiz eltilip berilýär we 0,3 millimetr ölçegde kapron örtügi üpjün edilýär.

«Çamsan Parkelam» önümleriniň Türkmenistanda satylýan nokatlary:

  • Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň arka tarapyndaky awtoduralganyň 0-njy gatyndaky 60-njy dükan. Telefon belgileri: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (2127), 41-nji jaý («Säher» binasy). Telefon belgileri: (+993 63) 72 62 74;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Zelili köçesi, «Gurluşykçy» dükany. Telefon belgileri: (+993 65) 95 43 43, (+993 62) 95 43 43;
  • Mary welaýaty, Mary ş., Aýtakow köçesi (Kalinin), «Artiklar Gurluşyk» dükany. Telefon belgileri: (+993 62) 34 43 15.

Elektron poçtasynyň salgysy: kurban.1970@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň