Ýokary hilli pol örtügini saýlamak aňsat iş däl. Häzirki günde Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda berkligi, bezegi, şeýle-de bahasy boýunça tapawutlanýan pol örtükleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär.
Pol örtügi saýlananda nämeleri göz öňünde tutmaly? Bu babatda «Çamsan Parkelam» dükanynyň satyjy-maslahatçylary ýardam bererler.
«Çamsan Parkelam» türk kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili müşderilere ýokary hilli materialdan taýýarlanan döwrebap pol örtügi – parkelam bilen tanyşmagy teklip edýär.
Parkelam – parket bilen laminatyň aralygyndaky materialdyr. Ol hiç hili sintetiki goşundylar ulanylmazdan hakyky berk agaç gyryndylaryndan ýasalýar. Bu pol örtügini öýünde ýa-da iş otagynda gurnamak bilen, sarp ediji ekologiýa taýdan arassalyk we saglyk üçin howpsuzlyk boýunça isleglerini kanagatlandyryp biler.
Pol örtükleri ulanylýan wagty käbir materiallar zyýanly maddalary bölüp çykarýarlar. Mysal üçin, hili pes laminat taýýarlanylýan wagtynda köplenç melamin peýdalanylýar. Bu himiki serişdäniň kömegi bilen laminat has berk we suwa garşy çydamly bolýar. Emma arzan laminatda onuň mukdary has köpdür. Ol bolsa adam organizmi üçin örän zyýanlydyr.
«Çamsan Parkelamyň» önümleriniň tapawutly tarapy ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýänligidir, şeýle-de şeýle hem saglyk üçin howpsuzlygy boýunça FSC hem-de daşky gurşawy goramak boýunça EPLF sertifikatlarynyň bolmagydyr.
«Çamsan Parkelam» söwda dükanynda alyjylara bu pol örtüklerini dogry we tiz çalyşmagyň usullary barada maslahat bererler. 50 inedördül metr haryt satyn alnan ýagdaýynda, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär we parkelamyň aşagyna ýazmak üçin 0,3 mm galyňlykdaky kapron örtgüsi sowgat berilýär.
Şeýle-de okaň: