Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Çamsan Parkelam» ýyly pollar üçin pol örtügini hödürleýär

15:2013.10.2022
0
16266

«Ýyly pol» ulgamlary häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň gurluşyna berk ornaşdy. Şeýle-de bolsa, ýyladyşyň has täsirli bolmagy üçin gowy ýylylyk geçirijiligini üpjün edýän ýokary hilli pol örtügini saýlamak möhümdir.

«Çamsan Parkelam» türk kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili müşderilere ýokary hilli materialdan taýýarlanan döwrebap pol örtügi – parkelam bilen tanyşmagy teklip edýär.

Parkelam tebigy agaç gyryndylaryndan hiç hili sintetiki goşundylar ulanylmazdan ýasalýar, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz pol örtügidir, muny saglyk üçin howpsuzlygy boýunça FSC hem-de daşky gurşawy goramak boýunça EPLF sertifikatlarynyň bolmagy hem tassyklaýar.

Adaty parketden we laminatdan tapawutlulykda, parkelam çydamlylygy, çyglylygyň täsirine we beýleki zeperlere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu pol örtügi ýokary temperaturalara garşy örän durnuklydyr we optimal ýylylyk geçirijiligini üpjün edýär.

Türkmenistandaky «Çamsan Parkelam» satuw merkezlerinde isldenik otag üçin gurluşy saýlamak we parkelamy gurnamak üçin maslahat alyp bilersiňiz. 50 inedördül metr haryt satyn alnan ýagdaýynda, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

«Çamsan Parkelam» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

  • Aşgabat ş., Oguz han köçesi, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» SM-niň arka tarapyndaky 4 gatly «Awtoduralganyň» ýerzemin gatyndaky 60-njy dükan. Tel.: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91;
  • Aşgabat ş., G.Kuliýew (2127) köçesi, 41-nji jaý («Säher» binasy). Tel.: (+993 63) 72 62 74;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Zelili köç., «Gurluşykçy» dükany. Tel.: Тел.: (+993 65) 95 43 43, (+993 62) 95 43 43;
  • Mary welaýaty, Mary ş., Aýtakow (Kalinin) köç., «Artiklar Gurluşyk» dükany. Tel.: (+993 62) 34 43 15.

E-mail: kurban.1970@mail.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň