«S7 Airlines» resmi taýdan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, Turkmenportal saýtynda «Awtosynyň» 4-nji sany çykdy, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleri Ähtnama gol çekdiler

10:5118.10.2022
0
32712

1. Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy pandemiýa zerarly iki ýyla golaý arakesmeden soň Türkmenistandan uçup başlady. Awiakompaniýa «Airbus A320» uçarlarynda Moskwa – Türkmenbaşy – Moskwa ugry boýunça dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi. Uçuşlar hepdede bir gezek, duşenbe günleri amala aşyrylar.

2. Turkmenportal saýtynda awtomobiller baradaky gepleşigiň nobatdaky sany çykdy. Bu gezek «Awtosynyň» alypbaryjysy Ýunus Allanazarow 2018-nji ýylda öndürilen «Lexus IS» ulagyny synagdan geçirdi. Ýapon awtoöndürijiniň muşdaklarynyň ählisine gepleşigiň täze sanyny görmek maslahat berilýär.

3. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Krems Amaly ylymlar uniwersitetiniň (Awstriýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň, bilim maksatnamalarynyň, özara talyp alşylmagynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

4. 20-nji oktýabrda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň telekeçileriniň we RF-niň Rýazan oblastynyň işewürlik birleşiginiň arasynda duşuşyk geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Wideomaslahatyň dowamynda Rýazan oblastynyň esasy senagat kompaniýalary we olaryň iş ugurlary bilen tanyşdyrylar. Bu çärä gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýüz tutup bilerler.

5. Gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli türkmeniň milli buýsanjy bolup gelýän türkmen halylary dünýäniň sekizinji täsinligi diýlip atlandyrylýar. Olar Golliwudyň filmlerinde we abraýly guramalaryň otaglarynda duş gelýärler. «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti öz iş gurşawyňyz üçin «dünýäniň sekizinji täsinligini» satyn almagy teklip edýär. Halaç halylaryny turkmen-carpets.com saýty arkaly sargyt edip bilersiňiz.

6. 30-njy oktýabrda Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Dabaranyň çäklerinde «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji we jemleýji tapgyrlary guralar.

7. Alymlar agramy azaltmak, ýürek we onkologiki keselleriň öňüni almak üçin günüň dowamynda, azyndan, 10 müň ädim ätmelidigini hasapladylar. Ylgamak zerur däl, ýeterlik mukdarda ädim ädilen islendik gezelenç hem oňyn täsirini ýetirýär. Diňe rahat aýakgaby we ädim ölçeýjini göz öňünde tutmak gerekdir.

8. Dünýäde meşhurlyk gazanan Günorta Koreýanyň «BTS» keý-pop toparynyň agzalary hökmany gulluk borjuny geçmek üçin harby gulluga barýarlar. Günorta Koreýanyň kanunlaryna laýyklykda, aýdymçylar goşunyň görnüşine baglylykda, harby gulluk borjuny 18-den 22 aýa çenli ýerine ýetirerler. Şonuň bilen bir hatarda, olara harby gullukda taýynlyk geçmäge we konsert bermäge, şol sanda daşary ýurtlardaky konsertlere hem rugsat berler.

9. Madridiň «Realynyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça «Altyn topa» mynasyp boldy. Gowşuryş dabarasy duşenbe güni Pariždäki «Şatle» teatrynda geçirildi. Futboldaky iň abraýly hususy baýrak üçin ses berlişikde ikinji orny «Bawariýanyň» we Senegalyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Sadio Mane eýeledi. Üçünji ornunda bolsa – «Mançester Sitiden» Kewin De Bröýne.

10. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň zenan futbolçysy daşary ýurt futbol toparyna geçdi. Maýa Musaskaýa öz karýerasyny Türkiýäniň «Dudullu spor» toparynda dowam eder. Onuň Stambulyň futbol topary bilen şertnamasy bir ýyla niýetlenendir. Musaskaýa daşary ýurtda oýnamaga çagyrylan türkmenistanly ilkinji zenan futbolçydyr. Ozal zenan türgen Aşgabadyň futzal we futbol toparlarynda çykyş edipdi. 2016-njy ýyldan bäri ol futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş edýär.

11. Tennis boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dewisiň Kubogyna Butanyň toparyna garşy duşuşyk bilen başlaýar. Bu bäsleşikde türkmen tennisçileri Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş edýärler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Butanyň, Mongoliýanyň we Kambojanyň ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş edýär. Beýleki toparçada bolsa Kuweýtiň, Bahreýniň, Guamyň Singapuryň we Laosyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar. Toparçalaryň ýeňijileri 2023-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna gatnaşmak hukugy üçin jemleýji duşuşyga çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň