Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyna gatnaşýar

11:3617.10.2022
1
25066

Sişenbe güni Butanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk arkaly Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşa girişerler. Biziň ildeşlerimiz ýaryşyň Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa boýunça IV toparçasyna wekiçilik ederler.

Toparçada indiki ýaryşda III toparça goşulmaga mümkinçilik berýän ýekeje orun üçin 9 ýygyndy ýaryşar. Has takygy, türkmen ýygyndysy Bahreýniň, Butanyň, Kambojanyň, Laosyň, Guamyň, Kuweýtiň, Mongoliýanyň, Singapuryň ýygyndylary bilen «B» toparçada ýaryşar. Tennisçileriniň ýaryşdan öň şikes alanlygy sebäpli, Täjigistan ýaryşdan çekildi.

Türkmenistanyň ýygyndysy 18-nji oktýabr güni Butanyň, 19-njy oktýabrda Mongoliýanyň, 20-nji oktýabrda bolsa Kambojanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Beýleki toparçada Kuweýt, bahreýn, Guam, Singapur we Laos güýç synanyşar. Iki toparçanyň ýeňijisi indiki ýyl III toparça çykmak üçin göreşer.

Türkmen ýygyndysyna Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Hajy Çaryýew we Atlymyrat Gurbanow dagylar wekilçilik edýär. Topara Miraly Gasanow tälim berýär.

Türkmen tennisçileriniň ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde Özbegistanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini ýatladýarys.

Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň kubogyna 2004-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Olaryň bu ýaryşda gazanan iň gowy netijesi 2015-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa sebitiniň III toparçasynyň utulan-çykdy tapgyrynda çykyş etmek boldy. Şol ýyldaky ýaryş Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň