Turkmenportal logo
17.10.22
4232142321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly futbolçy gyz daşary ýurt toparyna geçdi
Türkmenistanly futbolçy gyz daşary ýurt toparyna geçdi

Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Maýa Musaskaýa hünär ýoluny türkleriň «Dudulluspor» futbol toparynda dowam eder.


Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda habar berdi.


22 ýaşly M.Musaskaýa Stambulyň topary bilen bir ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Bu ýarymgoragçy ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde 2016-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär.


«Dudulluspor» toparynyň Türkiýäniň zenanlar Superligasynda («Kadynlar Süper Ligi») çykyş edýändigini bellemek gerek.