Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi

11:2027.08.2022
0
58772
Türkmenistan – Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Germaniýa bilen dowamly howa gatnawlaryny dikeldýär. Uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Ýolagçy uçary Aşgabat – Maýndaky Frankfurt – Türkmenabat ugry boýunça hereket eder.

2. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy bagban Ahmet Jumabaýew türkmenistan üçin ekzotiki ösümlik bolan ýapon armydyny ösdürip ýetişdirýär. Ol bu bagyň nahallaryny 5 ýyl mundan öň Türkiýeden getiripdir. Ýapon armydynyň daşky keşbi süýri däl-de, tegelekdir we alma meňzeşdir.

3. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 27-nji awgustdan başlap özünde elektron maglumat göterijini saklaýan we 10 ýyl möhlet bilen hereket edýän Russiýanyň halkara pasportyny resmileşdirmek üçin arzalaryny kabul etmegi wagtlaýyn togtadýar.

4. Ahal welaýatyndaky daýhan hojalygynda saýlama aberdin-angus we golşteýn tohumly sygyrlar ýetişdirilýär. Bu tohumlardan meşhur «mermer et» alynýar. Häzirki wagtda daýhan hojalygynda müňden gowrak baş iri şahly mallar idedilýär.

5. Russiýanyň howa menzillerinden Türkmenbaşa we Türkmenabada uçýan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçylarynyň ýanynda hökmany ýagdaýda COVID-19-a garşy sanjym alandygy hakyndaky kepilnamasy bolmalydyr.

6. Bodrumda meşhur türk aýdymçysy Ybraýym Tatlysesiň gatnaşmagynda ýol-ulag hadysady bolup geçdi. Aýdymçynyň we onuň gyzynyň oturan mikroawtobusy ýük ulagy bilen çaknyşdy.

7. Ýeralma çipsilerini öndürýän «Lay’s» haryt nyşany ýörite «barmaklary ýuwujy maşyn» döretdi. Bu enjam derini ýagdan we gowrulan ýeralmanyň owuntyklaryndan arassalamaga niýetlenendir.

8. «eFootball 2023» futbol simulýatorynda (öňki «Pro Evolution Soccer») «Ahal» futbol topary peýda boldy. Reklama wideoşekillerinde «Ahal» «Nike» kompaniýasynyň ak köýnekçesinde toparyň hemaýatkäri «Türkmennebitönümleriniň» (TNÖ) suraty bilen şöhlelendirildi.

9. «eFootball 2023-de» Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy 66 dereje bilen Gonkongyň «Kitçi» toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow boldy, iň gowy üçlüge Arslanmyrat Amanow («Ahal») – 65 we Elman Tagaýew («Ahal») – 63 dereje bilen girdi.

10. Halkara futbol federasiýasy (FIFA) täzelenen sanawy köpçülige ýetirdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 135-nji ornuny saklaýar. Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabynda 1100.47 utuk bar, topar Filippinler bilen Ruandanyň arasynda ýerleşýär. FIFA-nyň sanawynda Braziliýa öňdeligi eýeleýär. Ikinji orny – Belgiýa, üçünji orny bolsa – Argentina eýeledi.

11. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijeleri bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň