«Arzuw haly» dükanlar tory türkmenistanlylara ýerli önümçiligiň, Türkiýäniň hem-de Eýranyň ýokary hilli halylarynyň we haly önümleriniň kömegi bilen öýlerde ajaýyp gurşawy döretmäge ýardam edýär.
«Arzuw haly» dükanyndan öýleriň otaglary üçin ýüňden, ýüpekden we emeli süýümlerden (akril, polýester), şeýle-de elde we fabrikde öndürilen dürli halylary satyn alyp bilersiňiz. Bu ýerde gündogar we türkmen milli nagyşly, Ýewropanyň abstrakt şekilli we düz minimalistik stildäki halylary alyjylara ýetirilýär.
Bu halylaryň nagyşlarynyň, reňkdarlygynyň hem-de stile kybap gelýän aýratynlyklarynyň dürli-dürli bolmagy islendik interýere çözgüt tapmak üçin zerur şertdir.
«Arzuw haly» dükanlarynda halylary otagyň ölçegine laýyk görnüşde kesip hem-de abatlap bermek, kesilen ýerlerini ýörite tikin bilen taraşlap bermek hyzmaty hem bar.
Bulardan başga hem dükanda halyçalaryň, namazlyklaryň we awtoulaglaryň oturgyçlary üçin niýetlenip bejerilen haly daşlyklarynyň dürli görnüşini tapmak bolýar.
«Arzuw haly» dükanlary ýurduň bäş welaýatynda we Aşgabat şäherinde bardyr. Habarlaşmak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz.
- Mary ş., Telefon belgileri: +99362 36 55 66, +99361 93 73 33. Aýlaw ýol, «Arzuw haly» dükany;
- Türkmenabat ş., Telefon belgileri: +99364 70 06 61, +99364 70 06 68, +99365 04 00 72. Azatlyk köç, 3-nji etrapça, «Saraý» söwda dükany;
- Balkanabat ş., Telefon belgileri: +993 65 063032, +993 65 092603. 89-njy kwartal, «Arzuw haly» dükany;
- Daşoguz ş., Telefon belgileri: +993 61 823292. Bitaraplyk köç, «Arzuw haly» dükany;
- Aşgabat ş., Telefon belgileri: +99364700661, +99364700668, +99365040072, +99312 754108. G.Kulyýew köç, «Beýik bina» söwda merkezi, 1-nji gat.
Şeýle-de okaň:

