Soňky habarlar

Arhiw

Aprel aýynda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, maý aýynda Aşgabadyň kinokonsert zallary öz işini dikelder, TMCELL-iň müşderilerine ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek ýatladyldy we beýleki täzelikler

10:2126.04.2022
0
44791

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 29-njy aprelde Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyrar. Ýolagçy uçary Türkmenistanyň paýtagtyndan 10:00-da uçar. Petekleriň satuwy 27-nji aprelde Aşgabatda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň edarasynda satylyp başlanar.

2. «Türkmenistan», «Watan» we «Aşgabat» kinoteatrlary we kinokonsert zallary 1-nji maýdan öz işini dikelder. Kinoteatrlaryň muşdaklary türkmen hem-de daşary ýurt filmlerine tomaşa edip bilerler. Türkmenistanyň medeni köpçülikleýin çäreleriniň tertibi bilen Turkmenportal saýtynda «Afişa» bölüminden tanşyp bilersiňiz.

3. «Altyn Asyr» mobil aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan SMS habarnamasy geldi. Habarnamada pyýada ýolagçylara we awtosürüjilere ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmek ýatladyldy.

4. «KAMAZ-yň» baş direktory Sergeý Kogonin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we iberilýän awtomobiller barada gürrüň berdi. Hususan-da, bellenilişi ýaly, «KAMAZ» ähli welaýatlarda täze hyzmat merkezleriniň gurluşygyny tamamlaýar. Olar iýundan aýyndan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler.

5. Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler.

Sport täzelikleri

6. Mongoliýada göreş boýunça 2022-nji ýylyň Aziýa çempionaty tamamlandy. Medal sanawynda birinji orny Ýaponiýanyň ýygyndysy eýeledi. Ikinji orunda Eýran, üçünji orunda Gazagystan ýerleşdi. Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna Aziýa çempionatynda 8 türgen wekilçilik etdi.

7. Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk milli federasiýasynyň öz saýty peýda boldy. Internet saýty archery-tkm.art salgydan elýeterlidir. Saýt standart äheňde işlenilip düzülip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär.

Dünýä täzelikleri

8. ABŞ-da ganatlaryny ýaýan ýarganatyň sudury şekilinde Betmeniň meşhur nyşanyny ýada salýan dogabitdi meňli möýe çalymdaş maýmyn dünýä indi.

9. Kaýtuş lakamly it Polşada soňky ýüz ýylda tapylan iň iri humuň üstünden bardy. It eýesi bilen gezelenç edip ýörkä, tapyndynyň üstünden bardy. Kaýtuş XIII asyryň başlaryna degişli orta asyr teňňeleri saklanan palçyk golçany gazyp çykardy.

10. Ýaponiýada 119 ýaşynda Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy Kane Tanaka aradan çykdy. Uzak ýaşan aýal bäş sany imperatoryň dolandyran döwrüne we iki sany Jahan urşuna şaýat boldy. Garry aýal gazlandyrylan içgiler we şokolady diýseň söýerdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň