Soňky habarlar

Arhiw

«KamAZ» Türkmenistanyň ähli welaýatyndaky hyzmat merkezleriniň gurluşygyny tamamlaýar

15:0725.04.2022
0
11395
«KamAZ» Türkmenistanyň ähli welaýatyndaky hyzmat merkezleriniň gurluşygyny tamamlaýar
Surat: www.kamazopt.ru

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen birlikde «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin hem Türkmenistanda saparda bolup, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada kamaz.ru web saýtynda habar berilýär.

Sergeý Kogogin duşuşyk wagtynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa, sebitler we öňdebaryjy senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň daşary syýasatyň möhüm ugurlaryny biridigini belläp geçdi. Şeýle-de ol Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklary bolan Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan ynamly we netijeli gepleşikleriň hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny bellemek gerek. Nobatdaky saparyň dowamynda Türkmenistanda dürli maksatlarda işjeň ulanmak maksady bilen «KamAZ» ulaglaryny üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, «KamAZ-yň» baş sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda hyzmatdaşlygyň gazanylan netijeleri we awtoulag üpjünçiligi barada belläp geçdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli görkezmeleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda we ýylyň ahyryna çenli ýurduň ähli welaýatlarynda «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze hyzmat merkezleriniň gurluşygyny tamamlarys. Ulaglar bilen üpjün etmek üçin ozal baglaşylan üç ýyllyk şertnama doly ýerine ýetirildi. Kepillik borçnamalarynyň ählisini ýerine ýetirýäris we hyzmat goldawyny berýäris.

Biziň esasy maksadymyz «KamAZ-yň» işini dowam etdirmek. Türkmenistanda täze iş orunlaryny döretmek we halk hojalygynyň tehnologiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak. Häzirki wagtda Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşygyň geriminiň barha giňeldilýändigini görýäris. Ýük ulaglary bolmazdan hiç bir zady hem gurup bolmaz. Şonuň üçin ýurdy döwrebap ýük awtoulaglary bilen üpjün etmäge taýýardyrys. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis — diýip, Sergeý Kogogin gürrüň berýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri ýurtlaryň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da artdyrmak barada özara maslahatlaşdylar. «Geçen ýyl söwda dolanşygymyz 77,5 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu görkezijileri, hususan-da nebit gözlemek, nebit öndürmek, gaz daşamak, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy we himiki önümler bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda artdyrmak üçin ep-esli mümkinçilik bar» — diýip. Rustam Minnihanow aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň