Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar

13:0324.04.2022
0
5147
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar
Surat: tatar-inform

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Aşgabatda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, bu ýerde däp bolan baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi hem-de umumymilli baýramyň çäklerinde guralan bäsleşikleriň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy.

Habarda bellenilşi ýaly, toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar üçin ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklary başlandy. Dürli aralyklara guralan 7 çapyşygyň dowamynda ýyndam bedewler beden taýýarlygyny, çydamlylygyny görkezdiler. Olar ýaryşlarda «Polatly», «Meleguş», «Gelşikli», «Ýanardag», «Pereň», «Garader», şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny — «Akhan» baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda iki sagada golaý dowam eden ýaryşlar tamamlanandan soň, ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Jemleýji çapyşygyň ýeňijisine bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy, «Akhan» baýragy, «Zemin» telewizory we pul sowgady gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde baýramçylygyň çäklerinde geçirilen bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek we uzak aralyga atly ýöriş boýunça bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara «Tolkun» telewizory, pul sowgady, degişli diplomlar berildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň