Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

12:4924.04.2022
0
13480

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Tatar Lideriniň Metbugat gullugynyň habaryna görä, şu gün Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Tatarystanyň Prezidenti türkmen kärdeşini şu ýylyň mart aýynda geçirilen Prezidenti saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Tatar Lideriniň belleýşi ýaly, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 77,5 million dollar boldy. Bu görkezijileri, hususan-da, nebit-gaz, awtoulaglar, uçar, gämi gurluşygy we himiki önümler bilen üpjün etmek ýaly ugurlara degişlidir. Şeýle-de häzirki wagtda bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da artdyrmaga uly mümkinçilikler hem bar.

Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, Türkmenistanyň Russiýanyň ykdysady we senagat taýdan ösen sebitleriniň biri bolan Tatarystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda başga-da käbir meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň