Tatarystanyň Prezidenti telegram sahypasynda türkmen alabaýynyň suratyny paýlaşdy

17:0814.03.2022
0
7946

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow özüniň telegram sahypasynda ýetişdiren türkmen alabaýynyň suratyny ýerleşdirdi. «Instagramda köpler Akdusyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Ol häzir uly it bolup ýetişdi» — diýip, Minnihanow agzalaryna aýtdy.

Mundan ozal, alabaý güjüjegi bilen düşürilen suratlar Rustam Minnihanowyň instagram sahypasyndaky agzalaryna görkezilipdi.

Ýakynda bir ýaşyna ýetjek türkmen alabaýy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda bolan iş saparynyň dowamynda sowgat beripdi. Akdus diýlip atlandyrylan türkmen alabaýynyň ady tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň