Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Minnihanow bilen Aşgabatda geçiriljek parlamentara forumyny maslahatlaşdy

23:4424.04.2022
0
5427

24-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystany däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlyk, türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary birleşdirýär.

Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Prezident Rustam Minnihanow şu günki duşuşygyň türkmen-tatarystan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy dürli jemgyýetçilik-medeni çärelerine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.

Gahryman Arkadag geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere, şol sanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä, şeýle hem «Russiýa-yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine we her ýyl geçirilýän «Russiýa-yslam dünýäsi» diýen strategik garaýyş toparynyň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz bu çakylygy ýokary hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň