Arhiw

Minnihanow Serdar Berdimuhamedowy Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä çagyrdy

12:5224.04.2022
0
1146

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, duşuşygyň dowamynda duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň «KamAZ» we «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Kazan dikuçar zawody we beýleki iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi.

Işjeň häsiýete eýe bolan duşuşygyň dowamynda tatar Lideri türkmen kärdeşini Tatarystanda geçiriljek çärelere, şol sanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň