Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

12:2825.04.2022
0
27763

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň «Telegram» sahypasynda habar berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriljek uçar gatnawy şol gün irden sagat 10:00-da guralar.

Nobatdaky uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 27-nji aprelden awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynda satylyp başlanar. Awiapetekleriň ortaça bahasy 600 amerikan dollary möçberinde bolar.

Ýörite uçar gatnawyndan peýdalanjak ýolagçylaryň arasynda Russiýanyň raýaty bolmadyk raýatlaryň ýanlarynda ýokanç keseliň ýoklugy baradaky soňky 48 sagadyň dowamynda alnan lukmançylyk barlagynyň netijesini hökman bolmalydyr.

  • «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň salgysy: Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň