Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň meselelerine bagyşlanan ikinji halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi. Çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Foruma Russiýadan, Belarusdan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden hünärmenler gatnaşdylar. Halkara maslahata Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de ÝHHG-niň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatda ykdysady ugurda halkara hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge maliýe mehanizmleriniň, marketingiň we menejmentiň orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ykdysadyýetiň sanly özgertmelerine we häzirki zaman zähmet bazary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Gatnaşyjylar durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde innowasion tehnologiýalaryň we ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ulanylmagynyň möhümdigini bellediler.
