Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistan bilen strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi, Aşgabatda «OGT 2024» halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady, «Sanly çözgüt» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangyly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Si Szinpin hatlarynda Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberilen gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär. Si Szinpin kuwwatly döwleti gurmak maksadyndan ugur alyp, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny nygtady.
2. Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberip, bu çäräniň ýurduň ýangyç-energetika toplumy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtady. «Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
3. Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan ýurtdaky diplomatik işini tamamlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ilçi bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Harazýana sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
4. Aşgabatda «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, «Akylly şäher», bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy.
5. 24-nji oktýabrda Kazan şäherinde BRIKS birleşmesiniň sammitiniň soňky güni görnükli gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler. Häzirki wagtda gorag örtügi bilen örtülen ýadygärlik Nazarbaýew köçesinde dikilip, çeperçilik çözgüdi boýunça ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň paýtagtynda açylan heýkel bilen sazlaşýandyr.
6. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistana saparynyň çäklerinde «Turkmenportal» internet neşiriniň Aşgabatdaky edara binasyna baryp gördi. Duşuşyk mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirildi, taraplar Jemgyýetiň işiniň netijeliligini bellediler hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Neda Bergeri «Turkmenportal» internet neşiriniň redaksiýasynyň wekilleri garşyladylar we köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda maglumat alyşmak, bilelikdäki taslamalar, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky medeni we işewür gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen çäreler ýaly özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýäde
7. Döredijilik pudagynyň wekilleri öz işleriniň emeli aň ulgamynda nädogry ulanylmagyna garşy iri başlangyjyň çäklerinde birleşdiler. Nägilelik çäresine meşhur sazandalar, şol sanda ady rowaýata öwrülen «ABBA» toparynyň agzasy, şeýle hem «Oskar» baýragynyň eýesi Julianna Mur ýaly tanymal aktýorlar gatnaşdylar. Bu ýüzlenmäniň başyny ozal emeli aň tehnologiýalary pudagynda işlän britan kompozitory başlady. Onuň bellemegine görä, tehnologiýa kompaniýalary işläp taýýarlamalar we hünärmenler üçin köp maýa goýýarlar, ýöne ulgamlaryny ösdürmek üçin mazmun hukuklaryny satyn almakda çykdajylardan gaça durýarlar.
8. Italiýada 68 ýaşly bir adam awtoulag heläkçiligi sebäpli ömrüniň möhüm bölegini ýatdan çykardy. Ejir çekeniň ady Luçano, ol 2019-njy ýylda keselhanada oýanaly bäri häzir 1980-nji ýyldadygyna we özüniň 24 ýaşyndadygyna ynanýar. Şikesiň netijeleri haýran galdyrdy: erkek aýalyny we 35 ýaşly ogluny tanap bilmedi. Mundan başga-da, Luçano aýnada öz keşbini görüp, agyr şok geçirdi. Onuň aňynda heläkçilik barada ýatlamalar galypdyr, ýöne ol munuň 19 ýaşly gelni bilen ýakynda boljak toýundan dört aý öň bolup geçendigine ynanýardy.
Sport täzelikleri
9. Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy Ispaniýanyň Kambrils şäherinde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýar. Türkmen türgenleri medallar we ýurduň halkara giňişligindäki abraýy ugrunda bäsleşerler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine 10 türgen, iki tälimçi we iki emin girýär.

