Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadag saparynyň çäklerinde bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, binalaryň içki we daşky bezeg işlerine degişli serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Olaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap demir ýol menziliniň, durky täzelenilýän Aşgabat – Gökdepe ýolunyň ugrunda guruljak köp zolakly köpriniň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, Yzgant şäherçesine giriş arkasynyň, Akhan we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Taýçanak» binasynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary, köprüleriň germewleriniň görnüşleri bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa anyk tabşyryklary berdi.

