Arkadag «Expo 2024» Bütindünýä sergisinde üç baýrak aldy, Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady, Türkmenistanda doglan kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde geçirilýän «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo 2024» atly Bütindünýä sergisinde Arkadag şäheri üç sany halkara baýraga mynasyp boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýa Orazow minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi.
2. Zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
3. Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmosda geçiren umumy wagty boýunça dünýä rekordyny goýan kosmonawt Oleg Kononenko bäşinji kosmos ekspedisiýasyny tamamlaýar we 23-nji sentýabrda Ýere dolanmaga taýýarlanýar. Bu waka 375 gün dowam eden missiýanyň gutarandygyny görkezýär, bu bolsa Halkara kosmos stansiýasy maksatnamasynyň çäklerinde iň uzak dowam eden missiýadyr. Türkmenabatda doglan we Russiýanyň iň tejribeli kosmonawty bolan Kononenko 4-nji fewralda Ýeriň orbitasynda jemi 1000 gün geçiren taryhdaky ilkinji adam boldy.
4. ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky täze ilçihanasynda ilkinji metbugat maslahatyny geçirdi. Žurnalistler bilen bolan duşuşygynda ol Amerikanyň diplomatik missiýasynyň baştutany hökmünde alyp barjak işleriniň esasy ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi. Ilçi Rud alyp barjak işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi, olaryň hatarynda howanyň üýtgemegine garşy göreş we ykdysady pudagy ösdürmek meseleleri bar.
5. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Aşgabatda bag ekmek çäresini geçirdi. Bag nahallary Magtymguly adyndaky TDU-nyň çäginde oturdyldy.
Dünýäde
6. Ady rowaýata öwrülen «Linkin Park» rok topary aýdym-saz sahnasyna gaýdyp gelendigini yglan edip, täzelenen düzümi bilen tanyşdyrdy hem-de geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşdy. Toparyň resmi «YouTube» sahypasynda göni ýaýlymda toparyň esaslandyryjylarynyň we esasy agzalarynyň biri bolan Maýk Şinoda muşdaklary toparyň täze agzalary bilen tanyşdyrdy. Deprekçiniň ornuny Kolin Britteýn eýelär, wokal böleklerini 2017-nji ýylda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Çester Benningtonyň ýerine geçjek Emili Armstrong ýerine ýetirer. Köpçüligiň gyzyklanmasyny kanagatlandyrmak üçin topar «The Emptiness Machine» atly täze aýdymy hödürledi. Mundan başga-da, sazandalar 15-nji noýabrda tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýän «Zero From» atly täze albomynyň ýakyn wagtda çykjakdygyny habar berdiler.
7. «YouTube» ýetginjekleriň fitnes, agram we horlanmak bilen baglanyşykly wideolara girmegini çäklendirmek kararyna geldi. Platformanyň täze syýasaty ýaş ulanyjylaryň psihologiki saglygyny daşky görnüşiň we ýaşaýyş durmuşynyň hakyky däl standartlarynyň döredip biljek teklipleriniň aşa köp täsirinden goramagy maksat edinýär. Şeýle mazmuny ýekeje gezek görmek zyýansyz bolup bilse-de, yzygiderli tomaşa etmek belli bir gözellik ülňülerini döredip we ýetginjekleri kemçilikleri gözlemäge mejbur edip biler.
Sport habarlary
8. Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň futzal toparlarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Duşuşyk BAE-de türkmen toparynyň taýýarlyk ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirildi. Oýun «Şarja» sport toplumynda geçirildi. Türkmen milli ýygyndysynyň düzüminde Maksat Soltanow we Röwşen Orazmuhammedow tapawutlandylar. Öňümizdäki günlerde türkmen futzalçylarynyň ýene iki oýny bolar: 7-nji sentýabrda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen, 9-njy sentýabrda bolsa BAE toparlarynyň biri bilen duşuşyk meýilleşdirilýär.

