Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň sekiz aýda ýerine ýetiren işleriniň jemini jemledi, Aşgabatdaky Puşkin adyndaky teatrda spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar, Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew çykyş edip, döwlet Baştutanynyň ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol harby gullukçylaryň gulluk borçlaryny berjaý etmekleri we ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
2. Şu gün Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Wolodiniň adybir pýesasy esasynda «Süýreniji» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bolar. Bu spektaklda iki ilkidurmuş taýpanyň arasyndaky dawa-jenjelleriň esasynda adamzadyň hemişelik gapma-garşylygy şöhlelendirilýär: maşgala gatnaşyklarynyň we söýginiň, söýginiň we borjuň arasyndaky göreş, ýalňyzlyk we rahatsyzlyk meselesi, dönüklige düşünmek meselesi. Spektakl adamyň bu gapma-garşylyklary nädip çözmäge synanyşýandygyna esaslanýar.
3. 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda daýhanlar azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm oba hojalyk çäresine başladylar. Asylly däbe görä, ýaşulular bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler. Ýurduň daýhanlary bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlaryny öndürmek bilen ekin meýdanlaryny jogapkärçilik bilen ekişe taýýarladylar.
4. Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy we kliniki merkezinde we Daşoguz welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki sany täze kislorod stansiýasy işe girizildi, olar ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda amala aşyrylýan üstünlikli hyzmatdaşlylygyň netijesinde gurnaldy. ÝUNISEF tarapyndan ýakyndan goldaw bermek işi stansiýalary satyn almak, olary hassahanalara gurnamak, şeýle hem stansiýalaryň doly işlemegini, olaryň milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylmagyny üpjün etmek babatdaky tehniki kömegi öz içine aldy.
5. 3-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde açylan «World Smart City Expo-2024» atly akylly şäherleriň halkara sergisinde Arkadag şäheriniň diwarlygy görkezildi. Türkmenistanyň wekilýeti serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadag «akylly» şäheriniň diwarlygy onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen sergä gelýän myhmanlary ýakyndan tanyşdyrýar. «World Smart City Expo-2024» sergisi jemi 116 pawilýondan ybarat. Sergä Koreýa Respublikasynyň welaýatlary, 60-dan gowrak ýurduň ministrleri, ministrleriň orunbasarlary we welaýat häkimleri derejesindäki wekilleri gatnaşýar diýlip, çeşmede bellenýär.
6. Ankara Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Şunda energetika pudagynda ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek we söwda dolanyşygyny takmynan iki esse ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok «Anadolu» habarlar agentligine beren interwýusynda belläp geçdi. Türk tarapy Türkmenistany diňe ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl, eýsem, ulag geçelgelerini ösdürmek we türki dünýäsinde gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesinde-de möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär. Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy ýakyn gatnaşyklary belläp, öz ýurdunyň ilkinji bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edendigini we Aşgabatda ilçihana açandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň, diliň, diniň we medeniýetiň umumylygyna esaslanmak bilen, birek-birege hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylýar.
Dünýäde
7. Dreksel uniwersitetiniň we Amerikanyň beýleki ylmy edaralarynyň alymlary göwreli aýallaryň balyk sarp etmegi we olaryň çagalarynda autizm spektriniň bozulma töwekgelçiliginiň azalmagynyň arasyndaky baglanyşygy tapdylar. «American Journal of Clinical Nutrition» žurnalynda çap edilen gözlegiň netijeleri geljekki eneleriň iýmitine balygyň goşulmagynyň çaganyň autizm mümkinçiligini takmynan 20% azaldyp biljekdigini görkezýär. Gyzykly tarapy, göwrelilik döwründe hatda wagtal-wagtal balyk iýmek hem çagada autizm töwekgelçiliginiň peselmegi bilen baglanyşyklydyr.
8. Hindistanyň Gujarat ştatynyň Wadodara şäheriniň köçeleri güýçli ýagyşdan we Wişwamitri derýasynyň joşmagyndan soň krokodiller bilen doldy. Bu gadymy süýrenijiler diňe bir ýollarda däl, eýsem, üçeklerde-de görlüp, ýerli ýaşaýjylara çynlakaý howp döredýär. Musson möwsüminde şäherde krokodilleriň görülmegi kenarýaka sebitleriniň ýaşaýjylary üçin adaty däl bolsa-da, uzak wagtlap dowam edýän ýagyş sebäpli bu ýyl ýagdaý agyrlaşdy.
Sport habarlary
9. Türkmenistandan dört ýaş boksçy Al-Aýn şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň we mekdep okuwçylarynyň arasynda boks boýunça Aziýa çempionatynda çärýek finala çykdy. Ýaryşa 26 ýurtdan 462 türgen gatnaşdy, olar ýetginjekleriň arasynda 13 agram derejesinde, mekdep okuwçylarynyň arasynda 15 agram derejesinde bäsleşýärler. Türkmen toparyna tälimçiler Sapardurdy Bagyýewiň we Myrat Pazzyýewiň ýolbaşçylygynda 10 boksçy wekilçilik edýär. Çärýek finala Begenç Kakamyradow (50 kg çenli), Abdyrahman Rejepow (63 kg çenli) we Sapargeldi Nurýagdyýew (70 kg çenli) çykdy. Çempionatyň geçirilýän günlerinde Al-Aýnda Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň adatdan daşary maslahaty (ASBC) geçirildi, oňa Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymämmet Guljaýew gatnaşdy. Maslahatda ASBC-ni World Boxing guramasynyň howandarlygyna geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýöne wekilleriň köpüsi Halkara boks assosiasiýasyna (IBA) agzalygy saklamak üçin ses berdiler.
10. «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Röwşengeldi Halmämmedow awgust aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýen ada eýe boldy. Halmämmedow geçen aý toparynyň düzüminde oýnan dört oýnunda 5 gezek tapawutlanyp, bu ada doly mynasypdygyny görkezdi. Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda ol «Merwiň» derwezesine iki pökgi geçirdi, şeýle hem Türkmenistanyň Kubogynyň birinji çärýek final oýnunda hem şol topara goşa gol saldy. Röwşengeldi awgust aýynda Ýokary liganyň 20-nji tapgyrynda «Arkadagyň» derwezesine bäşinji pökgüsini girizdi. Şeýlelikde, ol bu möwsümdäki sekiz golunyň ýarysyny tomusky arakesmeden soň tora girizdi we möwsümiň iň netijeli 5 oýunçysynyň biri boldy. Aýyň iň gowy futbolçysynyň yglan edilmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlangyçlarynyň biridir. Bu däp her aýyň netijeleri boýunça dowam etdiriler.

