Maryda «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri saýlandy, Türkmenistanda indi e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly sürüjilik okuwlaryna ýazylmak mümkin, «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşiginde türkmen žurnalistleri baýraga mynasyp boldular we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry welaýatyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada geçirildi. Bäsleşige şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiş gazanan aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Gatnaşyjylar mähriban watanynyň gözelligi barada halk aýdymlaryny, şeýle hem häzirki zaman estrada eserleri ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşiginiň netijesinde Mähri Hojakowa we upakup Orazgylyjow ýeňiş gazandy.
2. Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin okuwlara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredildi. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär. Ýazylmak «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterlidir. Ulanyjylar sürüjilik şahadatnamasynyň bäş kategoriýalarynyň birini saýlap bilerler. Okuw bahasy saýlanan kategoriýa we okuwyň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.
3. Astrahanda geçirilen IX Hazar metbugat forumynyň çäginde «Serhetsiz Hazar» halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmen žurnalistleri hem birnäçe kategoriýalar boýunça baýraklara mynasyp boldular. «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew «FotoHazar» ugry boýunça rus we türkmen sirkleriniň artistleriniň bilelikdäki çykyşlaryna bagyşlanan foto işleriniň toplumy üçin 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de «CentralAsia.news» onlaýn neşirinden Wagif Samedow Türkmenistanda futbolyň ösüşi baradaky makalasy üçin «Hazar – saglyk sebiti» ugry boýunça 2-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen bagly işleri üçin «Biznes reklama» gazetinden Mätgurban Mätgurbanow eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
4. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy.
5. 12-nji sentýabrda Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça iri bäsleşikli söwda geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi birnäçe möhüm desgalary, şol sanda hojalyk jemgyýetleriniň dolandyryş binalaryny, söwda nokatlaryny we döwlet paýnamalaryny satuwa çykarar. Paýtagtdaky iň özüne çekiji lotlaryň arasynda «Nur zaman» we «Damjaly baglar» hojalyk jemgyýetleriniň Aşgabadyň G.Kuliýew köçesinde ýerleşýän iki dolandyryş binasy bar. Olaryň hersiniň başlangyç bahasy 45 968 148 manat. Şeýle hem «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň söwda nokatlary we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Garadamak awtoulag abatlaýyş ussahanasy satuwa çykaryldy.
Dünýäde
6. «Zoom» kompaniýasy platformasynyň mümkinçilikleriniň giňelýändigini habar berdi we bir milliona çenli adamyň gatnaşmagynda wideo şekilli maslahatlary geçirmek mümkinçiligini üpjün etdi. Bu täzelik giň gerimli onlaýn çäreleri guramak üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar. «Zoomy» ulanyjylar indi webinarlarynyň iň amatly görnüşini saýlamak üçin uly mümkinçiligie eýe boldular. Gatnaşýanlaryň sany 10 müňden 1 milliona çenli üýtgäp biler, bu bolsa platformany dürli çäreleriň zerurlyklaryna laýyklaşdyrmaga mümkinçilik berýär. «Zoom» gijikdirmezden ýokary hilli ýaýlymlary kepillendirýär.
7. Ýaponiýanyň Hokkaido prefekturasynda ýerleşýän täze Titose howa menzilinde uçuşlaryň köpçülikleýin ýatyrylmagyna we yza süýşürilmegine sebäp bolan bir hadysa boldy. Uly göwrümli bökdençliklere uçuş zolagynda ýerleşýän dükandan adaty gaýçylaryň ýitmegi sebäp boldy. Howply zadyň ýitmegi terrorçylykly hüjümiň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly bolup biler diýen gorky sebäpli howa menziliniň ýolbaşçylary içerki uçuşlardaky ähli howpsuzlyk barlaglaryny togtatmak kararyna geldi. Netijede, 36 uçuş ýatyryldy we ýene 201 uçuş yza süýşürildi. Gaýçy ertesi gün ýiten ýeri hasap edilen şol dükanda tapyldy.
Sport habarlary
8. Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýekfinalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Olarda «Arkadag», «Altyn Asyr» we «Aşgabat» toparlary ýeňiş gazandylar. Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogyň eýesi «Şagadamdan» 3:0 hasabynda ynamly üstün çykdy. Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn Asyr» «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi. «Aşgabat» bolsa Balkanabadyň «Nebitçisini» 2:1 hasabynda ýeňip, täze baş tälimçi Tofik Şukurowyň ýolbaşçylygynda möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. «Ahal» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky oýun şu gün 17:30-da «Nusaý» stadionynda geçiriler. Çärýekfinalyň jogap duşuşyklary 8-9-njy sentýabrda bolar.

