Aşgabatdaky yşyklandyryş enjamlarynyň dükany «Şem Electric» öňdebaryjy öndürijileriň spot çyralarynyň täze tapgyrynyň gelip gowşandygyny habar berýär. Hödürlenýän görnüşleriň hatarynda emeli yşyklandyryşyň soňky ösüş meýillerine gabat gelýän lampa spotlary, potolok, trek, şeýle hem eplenýän bezeg spotlary, bir, iki we üç çyraly spotlar bardyr.


«Şem Electric» dükanynyň geňeşçileri müşderilere stiline bagly bolmazdan islendik giňişlik hem-de otag üçin spotlary peýdalanmagyň owadan we täsirli çözgütlerini saýlap almakda, şeýle hem zolaklaýyn yşyklandyryşy guramaga we özboluşly ýagtylygy döretmekde kömek ederler.
Dükan ähli alyjylaryna Aşgabadyň içine mugt elip bermek hyzmatyny hem-de «Şem Electric» dükanynda hödürlenýän ähli yşyklandyryş enjamlaryna 10% arzanladyş hödürleýär.


Şeýle-de dükanda elektrik togyny çekmek üçin ähli zerur harytlar bardyr: rozetkalar, wklýuçateller, bezeg örtükleri (çarçuwalar), elektrik hasaplaýjylar üçin girizme enjamlary we ş.m.
«Şem Electric» dükanyndaky täze önümler bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., «Begler ýoly» binasy, 1-nji gat, dükan №7.
Telefonlar: (+993 61) 78 88 82, (+993 65) 85 34 05.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:

