Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Şem Electric» dükanyna lýustralaryň we bralaryň täze tapgyry gelip gowuşdy

10:2420.04.2023
0
37054

Aşgabatdaky «Şem Electric» dükanyna lýustralaryň, bralaryň, diwar çyralarynyň we torşerleriň täze toplumlary gelip gowuşdy. Täze ýazky toplumlar Türkiýäniň «Ozcan» haryt nyşanynyň yşyklandyryş enjamlaryny öz içine alýar.

«Şem Electric» – hödürleýän harytlary emeli yşyklandyryşyň iň soňky gazananlaryna laýyk gelýän Aşgabatdaky dükanlaryň biridir. «Ozcan» haryt nyşanly nusgalar – döwrebap we özboluşly şekilleri bilen tapawutlanýan, ýokary hilli materiallardan taýýarlanan köp sanly görnüşlerdir.

«Şem Electric» dükanynyň işgärleri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna stiline garamazdan, islendik interýer we otaglar üçin owadan we ajaýyp yşyklandyryş çözgütlerini saýlamaga kömek ederler.

Dükan ähli müşderilere Aşgabadyň içine mugt eltip bermek mümkinçiligini döredýär we «Şem Electric-däki» yşyklandyryş enjamlarynyň ähli görnüşine 10% arzanladyş berýär.

Şeýle hem dükanda elektrik geçirijileri üçin zerur harytlar bar: rozetkalar, öçürip-ýakmak düwmeleri (wyklýuçateller), bezeg örtükleri (çarçuwalar), elektrik hasaplaýjy enjamlar we ş.m.

«Şem Electric» dükanyndaky täze önümler bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., «Begler ýoly» binasy, 1-nji gat, dükan №7.

Telefonlar: (+993 61) 78 88 82, (+993 65) 85 34 05.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň