«Şem Electric» dükany türkmenistanlylara yşyklandyryş tehnikalaryny öndüriji öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň lýustralarynyň, çyralarynyň hem-de beýleki yşyklandyryş enjamlarynyň owadan we adaty bolmadyk nusgalarynyň giň toplumyny hödürleýär.
«Şem Electric» dükanynda otagyň durkuny has-da gözelleşdirmek üçin ähli zerur enjamlar: potolok lýustralary, loft we haý-tek stillerindäki bralar, spot çyralary we trek ulgamlary, ýagtylyk diody esasynda işleýän çyralar hem-de otagyň aýratyn böleklerini ýa-da gurluşyny tapawutlandyrmak üçin lentalar we beýleki yşyklandyryş ulgamlary bardyr.
«Şem Electric» dükanynda ähli alyjylar üçin 10% arzanladyş, şeýle hem Aşgabadyň içinde mugt eltip bermek hyzmatyny hödürlenýär.
«Şem Electric-iň» wekiliniň belleýşi ýaly, kompaniýa yşykly dizaýnyň soňky ösüş meýillerini yzarlaýar we modanyň esasynda Aşbagatdaky dükanynda häzirki zaman toplumlaryny döredýär.
«Dogry saýlanylyp alnan yşyklandyryş enjamy diňe bir otagyň içini bezemek bilen çäklenmän, eýsem, öňden bar bolan dizaýna täzeden jan bermäge ukyplydyr» diýip, «Şem Electric-iň» iş dolandyryjysy belleýär.
«Şem Electric» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., «Begler ýoly» binasy, 1-nji gat, dükan №7.
Telefon belgileri: (+993 61) 78 88 82, (+993 65) 85 34 05. Sosial ulgamdaky sahypasy.