Şu gün Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň işewürlik, medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalarydyr çyzgylary görkezildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow, bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatynyň çäklerinde, paýtagtda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde köpugurly söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Täze toplumyň çäklerinde bassyrmaly çaýhana, awtoduralga, işewürlik merkezi, buz-oýun meýdançasy, toý mekany ýerleşdiriler. Şeýle hem dükanly ýerasty geçelgeler gurlar.
Şeýle-de bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Aşgabadyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýol ýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köp zolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary-da bar.
Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe bellikleri aýtdylar hem-de degişli düzedişleri girizdiler.
Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutany söwda we dynç alyş merkeziniň bina edilýän ýeriniň gurluş aýratynlygyny, ýerasty suwlaryň derejesini we zeý suwlaryny akdyrmagyň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu tabşyrygy makullap, bu babatda degişli düzümleriň wekilleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Munuň özi diňe bir Aşgabatda däl, eýsem, ýurduň ähli ýerlerinde gurluşyk işleri meýilleşdirilende-de esasy talap bolmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdiler.
Döwlet Baştutany häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de okaň:
- Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy häzirkizaman uçuş simulýatoryny synagdan geçirdiler
- Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdylar

