Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy häzirkizaman uçuş simulýatoryny synagdan geçirdiler

23:0024.06.2023
0
20303

Şu gün Türkmenistanyň döwlet Baştutany we Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna gelip, geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny synagdan geçirdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary özünde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde nähili dolandyrylmalydygy we ony ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertlere eýedirler. Olar diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, dünýä döwletlerine halkara howa gatnawlaryny amala aşyrmakda ussat hünärmenler bolup ýetişýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soňra, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar. Bu ýerde zähmet çekjek agentligiň hünärmenleri üçin ýaşamak, dynç almak, hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutany hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň içinde ýaşamak, dynç almak üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde döredilen döwrebap ýaşaýyş binasynyň işgärleriň eşretli durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň öz işlerine bolan yhlasyna güýç-kuwwat berjekdigini, ruhubelentligini artdyrjakdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow alnyp barylýan ähli işleriň düýp özeniniň halkyň şu güni we nurana geljegi babatda möhüm ädimlerdigini bellemek bilen, mundan beýläk-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň